The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşler bilen dünýä giňişliginde öz mynasyp ornuny eýeledi. Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan uly zähmet ýeňişleri we üstünlikler ýurdumyzyň durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär. Bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, senagatda we oba hojalygynda, gurluşyk we ýangyç-energetika pudagynda her bir gazanylýan ösüşleriň aňyrsynda agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmetini, taryhyna, Watanyna bolan söýgüsini görmek bolýar.
Taryha ser salsak, Garaşsyzlygymyzy gazanmaga ädilen möhüm ädimler 1990-njy ýylda «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy hakyndaky» Jarnamanyň kabul edilmegi bilen başlanýar. Şol ýylda «Dil hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, türkmen diline döwlet dili derejesi berilýär. Geçirilen sala salşygyň netijesinde halkymyzyň erk-islegine garalyp, garaşsyzlygyň tarapdary bolup ses berilýär. Şeýlelikde, 1991-nji ýylyň güýzünde «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edilýär. Bu kanun türkmen halkynyň özygtyýarlylygyny we milli döwletliligini hukuk taýdan berkidip, Türkmenistany Garaşsyz, demokratik döwlet diýip kesgitleýär. 1992-nji ýylda kabul edilen Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwlet gurluşynyň esaslary, raýat hukuklary, azatlyklary we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralary, saýlaw ulgamy aýdyň kesgitlenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetçilik durmuşynda döwrüň möhüm meselelerine görä milli kanunçylygymyzda birnäçe konstitusion özgertmeler geçirildi. Geçirilen konstitusion özgertmeler döwletimiziň we jemgyýetimiziň üstünlikli ösmegine, türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagyna ýardam berýär.
Döwlet garaşsyzlygyny gazanmak bilen, Türkmenistan özygtyýarly döwlet hökmünde halkara giňişligine çykdy. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz BMG we beýleki birnäçe abraýly halkara guramalar bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyzda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan başlangyçlarymyz dünýä ýüzünde giň goldaw tapýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, milli kanunçylygymyzda döwrüň möhüm çözgütlerine görä birnäçe özgertmeler geçirilip, konstitusion kanunlar kabul edildi. Halkara tejribeden ugur alnyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyrylyp, kämil kanunlar kabul edildi, öňki hereket edýän kanunlarymyza döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Parlament diplomatiýasyny ösdürmek maksady bilen, birnäçe parlamentara duşuşyklar geçirilýär. Milli parlamentimiziň kämilleşdirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegine, onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk binýadynyň berkemegine ýardam berýär.
Bu gün pähimdar pederlerimiziň arzuwlan berkarar döwleti, agzybirlik we parahatçylyk baradaky ýagşy arzuwlary hasyl bolup, halkymyz Garaşsyzlygyň saýasynda bagtyýarlykda ýaşaýar. Şo nuň üçin mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň göterilen ykbaly hökmünde arzylanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň öň ýanynda döwletli maslahat geçirmek, halkyň, ýurduň ykbalyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak agzybirlikden we döwletlilikden nyşan. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem halk bähbitli, ýurt ähmiýetli birnäçe kararlar, çözgütler kabul ediler. Şeýle döwletli başlangyçlar, il bähbitli işler ýurdumyzyň belent üstünliklerini rowaçlandyrýar.
Jeren GYLYÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.