The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

10.11.2023

OBA HOJALYGY — YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM PUDAGY

 

Garaşsyz, Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze ösüşlere eýe bolýar. Halkymyzyň abadan, asuda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Ýurdumyzyň sebitlerini gurşap alan toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Watanymyzy dünýä ýüzi parahatçylygyň, ösüşiň, birek-birege ynanyşmagyň Watany hökmünde tanaýar. 

Ýurdumyzda iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde obalar özgerýär, senagat önümçiligi giňeldilýär. Türkmenistan bu gün agrar döwlet bolmakdan, ösen senagat ýurduna öwrülýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmeginde ýurdumyzda täze şäherlerdir obalar döreýär, häzirki zaman zawodlardyr fabrikler, önümleri gaýtadan işleýän kärhanalar we ýyladyşhanalar açylyp ulanylmaga berilýär. Şunlukda, täze iş orunlary döredilýär, şeýle hem raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşamaklary, okamaklary, işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda oba hojalygy ösdürmekde hem uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin döredilýän amatly şertler ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň düşewüntliliginiň artmagyny üpjün edýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda oba hojalygynda gazanylýan oňyn netijeleri bahalandyrmak bilen: «Pudagy has ýokary sepgitlere çykarmak üçin welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar ulanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek boýunça anyk işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary şu ýyl hem bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşdular. 

Ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawy goramagy düýpli özgertmek maksady bilen, biz ýakynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretdik» diýip, ösüşlerimizi beýan edýän birnäçe buýsançly mysallary getirdi. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk babatda ägirt uly tejribe toplanylyp, suw hojalyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Meliorasiýanyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesini, oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrülýär.

Şunda oba hojalygyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri innowasion esasda, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» nazara almak arkaly çözülýär. 

Hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilen Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň bellenen tertipde döredilmegi bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek babat-da döwrebap mümkinçilikleriň yzygiderli üpjün edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda gök-bakja ekinleriniň we miweleriň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy bazar bolçulygyny döretmäge, ilatyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmaga ýardam edýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karary bilen bugdaýy, pagtany we gant şugundyryny gaýtadan işlemekden alynýan iýmlik önümleriň 50 göterimini öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmagyň ýola goýulmagy, ýurdumyzda bu ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga şertleri döretdi. Şular barada aýdylanda, ýurdumyzda oba senagat toplumynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, olary täze tehnikalar bilen üpjün etmäge, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylýandygyny bellemek diýseň buýsançly. 

Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde oba hojalygynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanyp, maddy üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Bugdaý we pagta önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, ýeralma, gant şugundyry, şaly hem-de beýleki gök önümlerini, däneli hem-de bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin ýerler bölünip berilýär, täze bagçylyklar, üzümçilikler döredilýär. Şeýle-de ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk, ýüpekçilik we oba hojalygynyň beýleki görnüşleri yzygiderli ösdürilýär. 

Şu nukdaýnazardan, milli kanunçylygyň üsti «Döwlet ýer kadastry hakynda», «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetik gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Öri meýdanlar hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Weterinariýa işi hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we Ýer, Suw, Tokaý kodeksleri bilen ýetirildi. 

Goý, ene toprakdan bagt tapýan ýer eýeleri, kärendeçiler hakynda uly alada edýän, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döredýän, ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzyň bagtyýarlygyna, sebitiň we dünýäniň parahatçylygyna gönükdirilen sahawatly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy