The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Biz Hazaryň türkmen kenarynyň dür-merjeni Awazanyň parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekanydygyny öwran-öwran gaýtalaýarys. Bu hakykat Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýylynda bu künjekde guralan çäreleriň mysalynda-da doly aýan bolýar. 7 — 9-njy oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýaly ýokary derejeli sammitleri kabul eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 19-20-nji noýabrda Arkalaşygyň parlament ugurly çäreleri üstünlikli geçirildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi, assambleýanyň 61-nji plenar mejlisi, onuň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýalarynyň duşuşyklary ozal gazanylan ylalaşyklaryň netijelerine baha bermegiň, döwrüňdir dünýäniň häzirki ýagdaýlaryny nazara alyp, kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikde sazlaşykly hereket etmegiň netijeli meýdançasyna öwrüldi.
Biz GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina MATWIÝENKO käbir sowallar bilen ýüzlenip, onuň Awaza wakalary baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.
— Hanym Walentina Matwiýenko, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine, türkmen halkynyň Milli Lideriniň guramanyň çägindäki tagallalaryna, Awazada geçirilen parlament ugurly çäreleriň netijelerine nähili baha berýärsiňiz?
— Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilýän mekanyna öwrülýär. Munuň özi bu ajaýyp ýurda goýulýan uly hormatdan nyşan bolup, türkmen döwletiniň halkara giňişlikde eýeleýän işjeň ornundan habar berýär. 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistan başlyklyk edýär. Sözümiň başynda dostlukly ýurduň Hökümetini, Gahryman Arkadagy we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň GDA-da örän üstünlikli başlyklyk etmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýylyň dowamynda dürli mazmunly, dürli ugurlara degişli çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki göçme mejlisi hem şol toplumlaýyn çäreleri jemleýän duşuşyk hökmünde gözel Awazada guraldy. Awaza bir aý mundan ozal Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilen ählumumy saglygy goraýyş boýunça halkara maslahaty, zenanlaryň forumyny-da kabul etdi.
Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň işine işjeň gatnaşýandygy üçin aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin. Hormatly Arkadagyň wajyp döwlet işleriniň arasynda wagt tapyp, GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy, olaryň her birine mähirli sözleridir gutlaglary beýan etmegi örän tolgundyryjy waka boldy. Gahryman Arkadag öz çykyşynda golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi barada aýratyn durup geçdi. Türkmenistan Arkalaşykda başlyklyk edýän ýylynda bu resminamanyň hödürlenilmegi we kabul edilmegi ugrunda tutanýerli iş alyp bardy. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň esaslandyrylmagyna 35 ýyl dolýar. Türkmenistanyň başlyklygy hem hut şu ýubileý ýyla düşüp, bu jogapkärli wezipe abraý bilen ýerine ýetirildi. Şunda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna degişli duşuşyklaryň ýokary derejede guralandygy nygtalmaga mynasyp. Çünki parlament ugry guramanyň işiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gurama agza ýurtlaryň parlamentarileri bir ýere jemlenip, nusgalyk kanunlary işläp taýýarlaýarlar we soňlugy bilen olar milli kanunçylykda ulanylýar. Şol kanunlaryň milli kanunçylyk namalaryna ornaşdyrylmagy umumy hukuk giňişligini emele getirmäge ýardam edýär. Özara sazlaşdyrylan kanunlar işewürlik, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň görnükli syýasatçy hökmünde parlament institutynyň döwletiň durmuşyndaky derwaýys ornuna örän oňat düşünmegi bizi juda begendirýär.
— GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki göçme mejlisi Türkmenistanyň Mejlisiniň bu düzümiň işine synçy hökmünde gatnaşmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen biziň üçin aýratyn ähmiýete eýe. Bu dereje milli kanun çykaryjy edaralara nähili mümkinçilikleri açýar?
— GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň wezipesi dürli ugurlarda Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam bermekden ybarat. Parlamentarileriň işi doganlyk halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen. Biz işimiziň parlament ölçeginiň çäginde kanunlardyr maslahatlary işläp düzüp, ýurtlaryň milli kanunçylygyny kämilleşdirmäge we ýakynlaşdyrmaga çalyşýarys. Döwletara ylalaşyklary, konwensiýalary, beýleki resminamalary işläp taýýarlamak hem işimiziň aýratyn ugry bolup durýar. Döwlet ýa-da Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşleri tarapyndan kabul edilenden soňra, olar hökmany ýerine ýetirilmäge degişli bolýar. Häzirki wagta çenli Parlamentara Assambleýa tarapyndan şeýle kanunçylyk namalarynyň 700-den gowragy işlenip düzüldi. 20 ýyldan bäri bolsa GDA ýurtlarynda saýlaw kanunçylygyna hem-de saýlawlaryň geçirilişine seljerme bermek bilen meşgullanýan ýöriteleşdirilen düzüm hereket edýär. Umuman, 1992-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy öz netijeliligini, islenilýän düzümdigini, döwrüň täze şertlerine uýgunlaşmaga ukyplydygyny doly subut etdi.
Bu günki gün Türkmenistan halkara işlerde, şol sanda Arkalaşygyň giňişliginde möhüm orny eýeleýär. Men şu ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy hökmünde Türkmenistanyň Hökümetine, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Liderine ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň guramamyzyň çägindäki parlament ugurly işlere synçy hökmünde gatnaşmagy baradaky ýüztutma bilen ýüzlendim. Ine, Awazada geçirilen mejlisimiziň çäklerinde bolsa Türkmenistanyň Mejlisine GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesini bermek hakynda çözgüt kabul edildi. Şunlukda, türkmen parlamentarileri biziň uly «parlament maşgalamyza» goşulyp-garylmaga mümkinçilik aldylar. Olaryň assambleýanyň dürli çärelerine işjeň gatnaşmagynyň guramamyzyň işini has-da güýçlendirmäge, täze tejribe bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
— Siz — Türkmenistanyň ýakyn dosty. Russiýanyň kanun çykaryjy edarasynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy hökmünde biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk baradaky geljekki meýilnamalaryňyz barada-da aýdaýsaňyz!
— Men eýýäm näçenji gezek türkmen topragynda myhman bolýaryn. Her gezegem Türkmenistanyň ähli ugurlarda depginli ösüşine, şaýollardyr infrastruktura desgalarynyň gurluşyklaryna şaýat bolýaryn. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy oňaýlylygyň, gaýtalanmajak binagärligiň, milli medeniýetiňdir däpleriň sazlaşygyny özünde jemläp, diňe bir adamlaryň dynç alşy üçin däl, eýsem, iri halkara forumlardyr çäreleri geçirmek üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmen tarapynyň şol çärelere gatnaşýan myhmanlary garşy alşy bolsa özbaşyna uly bir söhbet. Bu ýeriň adamlarynyň güler ýüzlüligini, hoşamaýlygyny, myhmansöýerligini, milli naharlaryň bal ýaly tagamyny taryp etmäge söz ýetmeýär.
GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Awaza mejlisini ýokary derejede guramak ugrunda ýadawsyz tagalla eden Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarydyr işgärlerine çäksiz sagbolsunlarymyzy beýan etmek isleýärin. Biz mundan beýläk-de Türkmenistan bilen parlament ugurly gatnaşyklarymyzy, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça iş alyp barmaga taýýardyrys. Men türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşygymyzyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdim. Geçen ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadag bilen RF-niň döwlet Baştutanynyň arasynda dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklar kemala geldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti bilen hem yzygiderli syýasy dialog dowam etdirilýär. Hut döwletlerimiziň ýolbaşçylarynyň tagallalary-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, özara ynanyşmak gurşawynyň döredilmegine ýardam berýär. Biz — parlamentariler bolsa şol dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge borçludyrys.