The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

17.11.2026

HALKARA HUKUGY PUGTALANDYRMAKDA MÖHÜM ÄDIM

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahaty parlamentarileriň giň wekilçilikli toparyny bir meýdançada jemledi. Halkara gatnaşyklarda hukugyň hökmürowanlygyny artdyrmakda halklaryň saýlanan wekilleriniň tagallalaryny birleşdirmek maslahatda edilen çykyşlaryň esasy özenini düzdi.

My­ky­ta PO­TU­RA­ÝEW,

ÝHHG-niň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň prezidenti: 

— Parlament diplomatiýasy halkara hukugy goldamakda möhüm guraldyr. Muny ilerletmekde Bitarap Türkmenistanyň goldawyna we başlangyçly ornuna ýokary baha berýäris. Dünýäniň onlarça ýurdunyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekiliýetleriniň Aşgabat duşuşygy häzirki zamanyň geosyýasy hemde geoykdysady şertlerinde hyzmatdaşlygy çuň­laşdyrmakda pikir alyşmak, tejribeleri paýlaşmak üçin netijeli meýdançadyr. Ony ýokary derejede guramaga beren ýardamy üçin türkmen tarapyna hoşallygymyzy bildirýäris.

Şu ýylyň iýulynda Gaagada geçirilen ýyllyk mejlisimizde biz halkara hukuga we umumy borçnamalarymyza ünsi çekýän Beýannamany kabul etdik. Onda parahatçylyk, howpsuzlyk meseleleri bilen birlikde, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy, adam hukuklaryny goramak, tehnologik ilerlemeleri düzgünleşdirmek meselelerine hem orun berildi. Aşgabat maslahaty bu ugurdaky gepleşikleriň netijeli dowamydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň üstünlikli başlangyjydyr. Halkara hukugyň ýylyny dabaralandyrmak boýunça tagallalar bolsa hut şu günden başlanmalydyr. ÝHHG-niň çägindäki parlamentara dialogyň bu ugurdaky işlerde ilkinji ädime öwrülendigi bizi begendirýär.

An­ge­los SY­RI­GOS,

ÝHHG-niň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň

Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li: 

— ÝHHG Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýär. Parlament diplomatiýasy bolsa ony berkitmekde aýratyn orna eýedir. Türkmenistanyň Mejlisi Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi hökmünde ykrar edilýän Aşgabatda kärdeşlerimiz bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak başlangyçlary anyk hereketlere öwürmekde tapylgysyz mümkinçilikdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna parahatçylygyň, ynanyşmagyň aýdyň ýoly hökmünde baha berilýär. Türkmen topragynda parlamentarileriň şeýle açyk hem netijeli dialogynyň guralmagy ýurduň ählumumy meseleleri çözmäge mynasyp goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklaýar. Maslahatyň mowzuklaýyn mejlisiniň alypbaryjysy hökmünde parlamentarileriň sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri babatda anyk pikir-garaýyşlary, teklipdir başlangyçlary beýan edendigini aýdyp biljek.

Aşgabatdaky parlamentara dialogyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidentiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy bilen dowam etmegi onuň kanun çykaryjy edaralary­ň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini görkezýär.

Mut­han­na NA­DER,

Par­la­men­ta­ra Bir­le­şi­giň Hal­ka­ra hu­ku­ga

hor­mat goý­ma­gy öňe sür­mek bo­ýun­ça

ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy: 

— Parlamentariler öz halkynyň janly dilidir. Olaryň her bir başlangyjy halkyň bähbidinden ugur alýar. Parlamentara Birleşik bolsa ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda abraýly düzümdir. Türkmenistan milli kanunçylygy durmuşa geçirmekde halkara hukugyň kadalaryna berk eýerip, parlamentara dialogy berkitmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň 2028-nji ýyly dünýäde Halkara hukugyň ýyly hökmünde dabaralandyrmak boýunça başlangyjy güýjüň hukugyny däl-de, hukugyň güýjüni ilerletmekde wajyp ähmiýete eýedir. Muny Aşgabat duşuşygynda çykyş eden parlamentariler hem biragyzdan tassykladylar. Çünki häzirki şertlerde Bitarap Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgeleri parahatçylygyň täze arhitekturasyny kemala getirmegiň nusgasyna öwrülýär.

Milli wekilleriň sesi her bir täze başlangyjy jemgyýete düşündirmegiň, ony çeýe ýerine ýetirmegiň hereketlendiriji güýjüdir. Gürrüň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek barada bolanda, onuň ähmiýeti has-da artýar. Bu ugurda Türkmenistanyň baý tejribesiniň bardygyny aýtmak isleýärin.