The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

19.11.2026

DÖWRÜŇ DÖREDIJILIK RUHY BILEN

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şöhratly taryhymyza zer harplar bilen ýazylýan ýyllaryň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesi uludan toýlanylan şanly ýyl hem ata Watanymyzyň gysga taryhy döwür içinde ýeten belent sepgitlerini, gazanan köpugurly üstünliklerini dünýäde dabaralandyrýan wakalara, beýik tutumlara beslendi. Ýurt berkararlygymyzy has-da berkidýän durmuş-ykdysady, syýasy, medeni üstünlikler «At — myrat» diýýän agzybir halkymyzyň nurana arzuwlarynyň myradyna gowuşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Eziz Diýarymyzyň ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşyny has-da berkidýän, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna, uly gyzyklanmasyna eýe bolýan şeýle köptaraply üstünlikler bedew badyna deňelýär. Türkmen halky belent maksatlaryny, gazanan üstünliklerini iň ezizleýän gymmatlyklaryna deňeýär. Şonuň üçin hem halkymyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen alamatlandyrmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Behişdi ahalteke bedewlerimiz bolsa milli buýsanjymyzdyr, gymmatly baýlygymyzdyr. Gahryman Arkadagymyz bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky mynasyp ornuna şeýle baha berýär: «Halkymyzyň toý-baýram däp-dessurlarynyň esasy özboluşlylygy ahalteke bedewlerimizdedir. Ahalteke bedewlerimiz durky bilen ýeňşiň hem-de gaýratlylygyň nusgasydyr».

Ýurt berkararlygymyzyň taryhy senesiniň dünýä ýaň salan dabaralar bilen toýlanan ýylynyň şygarynyň behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly bolmagy merdana halkymyzy täze üstünliklere, belent sepgitlere ruhlandyrdy. Şeýle belent ruhy hemra edinen türkmen halky yhlasly, döredijilikli zähmeti bilen röwşen geljeginiň binýadyny has-da berkitdi. Şunlukda, mähriban Watanymyzyň çäklerinde iň döwrebap tehnologiýalara daýanýan önümçilik toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesi ulanyşa tabşyrylyp, täzeleriniň gurluşyklaryna badalga berildi. Durmuşymyzyň ähli ugurlaryny öz içine alýan şunuň ýaly düýpli özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini dünýä ýaýýar.

Maddy gymmatlyklarymyzy, şöhratly taryhymyzy, medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýurduň egsilmez döredijilik güýjüni ähli üstünliklerimiziň mizemez binýadyna öwrüp, okgunly ösüşleri arkaly dünýä giňişligindäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän bedew batly at-myradyň mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Guwanç ÇEN­DIROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.