The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

19.11.2026

BELENT MAKSATLARYŇ ÝOLY

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ösüş ýo­lun­da ýaş ne­sil mö­hüm or­ny eýeleýär. Ýurdu­my­zyň aba­dan gel­je­gi­niň, yk­dy­sady kuw­wa­ty­nyň pugtalan­dy­ryl­ma­gy hä­zir­ki zäh­met­sö­ýer, ba­şar­ny­gy hem-de watansöýüji­li­gi bi­len ta­pa­wutlan­ýan ýaş­la­ry­my­za bag­ly. Hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bilen Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen pa­ra­sat­ly şy­ga­ry­nyň öze­ni hem hut ýur­du­my­zyň gel­je­gi bolan ýaş ne­sil­le­re go­ýul­ýan uly ynam­da hem-de ala­da­da jemlenýär.

Hä­zir­ki wagt­da ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när öwrenmegi, ylym­da, sport­da we dö­re­di­ji­lik­de be­lent sep­gitle­re ýet­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Esa­sy bel­le­me­li zat­la­ryň bi­ri hem ýurdumyzda ýaş­la­ryň döw­re­bap ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, ola­ryň ukyp-başar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga we hü­när taý­dan kä­milleş­me­gi­ne döwlet de­re­je­sin­de be­ril­ýän üns «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2031-nji ýy­la çen­li Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Bu mö­hüm res­mi­na­ma ýaş nes­liň ylym­da, sport­da, te­le­ke­çi­lik­de we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy orun­la­ry eýe­le­me­gi­ne, ýurdu­my­zyň in­no­wa­sion ösü­şi­ne uly go­şant goş­ma­gy­na giň ýol aç­ýan stra­te­gik binýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.

El­bet­de, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tymgu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy bol­sa şol müm­kin­çi­lik­le­ri ýaş­la­ra ýe­tir­ýän berk bin­ýat­ly köp­rü­dir. Akyldar şa­hyry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýän guramamyz ýaş­la­ryň arasyn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ah­lak ter­bi­ýe­si, mil­li ýörel­ge­le­re hor­mat goý­mak ýa­ly mu­kad­des gym­mat­lyk­la­ry wa­gyz edýär. Ge­çi­ril­ýän me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler, dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri we yl­my mas­la­hat­lar ýaş­la­ryň ze­hi­ni­ni aç­ma­ga, ola­ryň döw­re­bap ylymla­ry öz­leş­di­rip, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýär.

Gu­ra­ma­my­zyň ge­çen ýo­ly di­ňe bir ýur­du­my­zyň çä­gin­de däl, eýsem, halka­ra gi­ňiş­li­gin­de hem özü­niň my­na­syp or­nu­ny tap­ýar. Halkara hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da du­rup geç­sek, 2023-nji ýyl­da Türkmenista­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­daky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ÝUNESKO-nyň Bü­tin­dün­ýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň res­mi ag­za­sy diý­lip yk­rar edil­me­gi bi­ziň ähli­miz üçin buý­san­dy­ry­jy ýag­daý boldy. Bu ta­ry­hy wa­ka Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýaş­lar dia­lo­gy­ny pugtalandyr­mak­da, me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­ny ös­dür­mek­de we parahatçylyksö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly hyzmat­la­ry bitir­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­nama­sy­dyr.

Arkadagly Gah­ry­man Serdarymyzyň baş­da dur­ma­gyn­da Türkmenis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­masy­nyň gol­da­wy bi­len türk­men ýaş­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de galdyrýan wa­tan­çy­lar bo­lup Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ze hyz­mat edýär­ler.

Maksat JANMYRADOW.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.