The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmen tebigatynyň we sahawatly topragynyň berekedi egsilmezdir. Danalar aýtmyşlaýyn, ene topragymyza yhlas bilen dürtülen kesewiň hem pyntyk ýarmagy türkmen tebigatynyň jadyly gudrata we haýran galdyryjy täsinliklere örän baýdygyny tassyklaýar. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri özüniň öýi saýyp, mukaddeslik hökmünde hormat-sylag goýup ýaşaýan ýerine — tebigata aýratyn üns beripdirler we ondan örän oýlanyşykly, rejeli peýdalanyp gelipdirler.
Hakykatdan-da ata Watanymyz tutuş dünýäde tebigy gözelligi, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň özboluşly tebigy baýlyklaryny gorap saklamak we olary geljekki nesle ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmeklige, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaklyga, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaklyga hem-de baýlaşdyrmaklyga, özboluşly tebigatymyzy aýawly saklamaklyga we geljekki nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmeklige gönükdirilýär. Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär, täze many-mazmuna eýe bolýar. Munuň özi Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak bilen bagly tutumly ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ekologiýa taýdan arassa gurşawda jemgyýetiň durnukly ösüşi we adamlaryň ýaşaýşy olaryň tebigata gatnaşygyna, onuň gorlaryndan rejeli peýdalanyşyna baglydyr. Şonuň bilen baglylykda, ekologiýa ulgamynda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we amala aşyrylmagy döwletiň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan biologiki köpdürlüligi gorap saklamak we artdyrmak, taryhy hem-de tebigy ýadygärlikleri goramak, senagat kärhanalarynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, önümçilige «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýär.
Tebigata, onuň baýlyklaryna oýlanyşykly çemeleşmek gönüden-göni tutuş adamzadyň bähbidini aramak, ösüp gelýän ýaşlaryň nurana geljegini üpjün etmek bilen bagly möhüm mesele hasaplanylýar. Şu jähtden dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar we tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan ýurdumyz durnukly ösüşe oýlanyşykly çemeleşýär. Özboluşly tebigy gözellikleri bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň dag-dereleri, sähra-düzleri asyrlaryň dowamynda biziň her birimiz üçin hem ýaşaýyş, hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär.
Tebigatyň ajaýyplyklaryna, gözelliklerine syn etmek ynsanyň ruhy saglygyna oňaýly täsir edýär. Tebigatyň goýnunda wagt geçirmek degna dartgynlylygynyň döremeginiň öňüni alýar. Baglarda, açyk howada gezelenç etmek ynsanyň ünsüni jemlemegine ýardam etse, tebigatyň özboluşly görnüşi, guşlaryň saýraýşy, suwuň akyşy adama ruhy rahatlyk eçilýär. Arassa howada, edil häzirki güýz günlerinde tyllaýy reňke bürenip oturan baglarda gezim etmek adamyň kalbyny ganatlandyryp, göwnü çökgünlikden halas edýär. Şeýle özboluşly jadylaýjy güýje eýe bolan gözel tebigatymyzy aýap, onuň baýlyklaryna seresaply çemeleşmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Tebigatyň bize eçilen ähli barlyklary diňe bir gurply ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol ýaşlarda watansöýüjiligi terbiýelemegiň hem egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Atajan JUMADURDYÝEW,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.