The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrýan giň gerimli işleriniň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallaryny peýdalanyp, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça işjeň dialogyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Bu babatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen gatnaşyklar hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýakynda Awazada parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen halkara çäreler munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklady.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, milli bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Berkarar döwletimiziň GDA-nyň çäklerindäki syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz bu guramanyň degişli geňeşleriniň, komissiýalarynyň, komitetleriniň we beýleki pudaklaýyn düzümleriniň işine hem işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da netijeli başlyklyk etmegi bolsa Arkalaşygyň giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy we dialogy barha ilerletmäge, özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi parahatçylygyň hem-de hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim boldy. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň gurama agza ýurtlar tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi bilen tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasy boýunça hormatly Prezidentimiziň degişli Karara gol çekmegi bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy tassyklanyldy. Türkmenistan Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça ýörite meýilnama laýyklykda, halkara hukugy berkitmek, halkara kadalaşdyryş binýadyny kämilleşdirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň hem-de beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrar.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýylynyň 19-20-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de bu assambleýanyň 61-nji plenar mejlisi geçirilip, olar şanly ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan orun aldy. Bu halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligi bolmak bilen, halkara hukugy ilerletmekde we berkitmekde döwletimize bildirilen uly ynamyň nobatdaky belent ykrary boldy.
Halkara hukukda we diplomatiýada synçy derejesi — bu haýsydyr bir döwletiň, halkara guramanyň ýa-da parlament edarasynyň başga bir halkara gurama doly hukukly agza bolmazdan, onuň işine ýörite hukuk derejesinde gatnaşmagyny üpjün edýän diplomatik-hukuk guralydyr. Bu dereje halkara gatnaşyklarda has çeýe hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giňden ulanylýar. Synçy derejesi şol guramanyň işinden üzňe bolmazdan, özara bähbitli gatnaşyklary saklamaga şert döredýär. Käbir ýagdaýlarda bolsa synçy derejesi guramanyň iş tertibini, kadalaryny we talaplaryny içgin öwrenmek üçin ilkinji ädim hökmünde ulanylýar. Bitarap Türkmenistan üçin synçy derejesi has-da uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyza sebit we dünýä derejesindäki möhüm syýasy, ykdysady hem-de parlamentara meýdançalarda işjeň orun eýelemäge mümkinçilik berer.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi Türkmenistanyň Mejlisiniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek, milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak we parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň bu döwletara bileleşik bilen gatnaşyklarynyň parlament ugruny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
Annamuhammet SARJAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Durmuş syýasaty baradaky
komitetiniň başlygy.