The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ösüşleri, milli mirasymyzyň baýlygy we dünýäde barha belende galýan abraýy barada buýsanç bilen söhbet açmaga giň mümkinçilik döreýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri agzybirligi, dost-doganlygy, parahatçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy durmuş ýörelgesine öwren halklaryň biridir. Bu ruhy ýörelgeler halkymyzyň taryhynda-da, edebiýatynda-da, sungatynda-da öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda öňe sürülýän pikirler hem şu hakykaty aýdyň şöhlelendirýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy halkymyzy agzybirlige, jebislige, dost-doganlyga çagyryp, özbaşdak döwletli, berkarar ýurtly bolmak baradaky arzuwlaryny şygyrlaryna siňdiripdir. Onuň döredijiliginiň güýji diňe bir çuňňur pelsepesinde ýa-da çeperçilik gözelliginde däl. Şahyryň sözleri halkyň ýüregine ýakynlygy, aýdym-saza aňsatlyk bilen goşulyp bilýän sazlaşygy bilen hem tapawutlanýar. Şonuň üçin Pyragynyň mirasy diňe kitap sahypalarynda galman, halkyň gündelik ruhy durmuşyna, aýdym-sazyna, bagşyçylyk däplerine-de siňip gidipdir.
Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň edebi-ruhy durmuşynda döreden täsirini bagşyçylyk sungatynyň ösüşinde has aýdyň görmek bolýar. Beýik Pyragynyň hem-de onuň ýoluny dowam etdiren şahyrlaryň goşgulary bagşyçylyk sungatynyň rowaçlanyp, nusgawy derejä ýetmegine uly itergi beripdir. Şahyryň paýhasly setirleri bagşylaryň owazynda täze ömür tapyp, il içinde ýaýrapdyr; türkmen obalary, toý-meýlisleri, ýygnanyşyklary manyly aýdymlaryň we mukamlaryň ýaňy bilen dolupdyr.
Türkmen sazy — kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, halkyň taryhy we ruhy dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşykly sungat älemi. W.A.Uspenskiniň we W.M.Belýaýewiň «Türkmen sazy» atly işinde bagşyçylyk sungatynyň taryhy halkyň taryhy bilen arabaglanyşykda öwrenilýär. Bu ugurdaky ylmy-barlaglarda XVIII–XIX asyrlara aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däl. Şol döwür türkmen taýpalarynyň häzirki ýaşaýan ýerlerinde has durnukly ornaşan, bagşyçylyk sungatynyň bolsa aýratyn rowaçlanan döwürleriniň biridir. Şol bir wagtyň özünde, Magtymguly Pyragy we beýleki akyldarlar dagynyk türkmenleri agzybirlige, edermenlige, döwletlilige çagyrypdyrlar. Şol pikirleriň halka ýetirilmeginde bagşy-sazandalaryň hyzmaty uludyr.
Söz ussady şygyrlaryny halk köpçüligine düşnükli, sada we täsirli dilde ýazypdyr. Onuň sözleri çeperligi bilen birlikde, sazlaşygy we many-mazmuny arkaly-da halkyň aňyna çalt siňipdir. Kyssaçylar, dessançylar we bagşylar bu şygyrlara öz sungatlary arkaly ganat beripdirler. Şeýdip şahyrana söz diňe okalýan ýa-da ýatda saklanylýan setir bolman, eýsem, owaza öwrülip, adamlaryň ýüregine ýol tapypdyr.
Bagşylaryň repertuarynda dessanlar bilen birlikde tirme aýdymlaryň hem möhüm orny bolupdyr. Öňden gelýän däbe görä, tirmeçiler Nowaýynyň, Meşrebiň we beýleki şahyrlaryň eserlerini ýerine ýetiripdirler. Wagtyň geçmegi bilen, Magtymguly Pyragynyň goşgulary hem tirme aýdymlaryň esasy çeşmeleriniň birine öwrülipdir. Hat-da dessançy bagşylaryň repertuarynda-da Pyragynyň şygyrlary aýratyn orun eýeläpdir. Şahyryň sözlerine bolan halk islegi şeýle bir güýçli bolupdyr welin, Pyragydan aýtmak bagşyçylyk abraýynyň möhüm alamatlarynyň birine öwrülipdir. Bagşylar onuň öwüt-ündewlerini diňe bir aýdym hökmünde däl, eýsem, dessan aýdýan ýaly giňden ýaýbaňlandyryp ýerine ýetiripdirler. Şahyryň: «Magtymguly, sözlerim// Saza goşsaň, uz bolar» diýen setirleri hem söz bilen sazyň özara sazlaşygyny örän täsirli beýan edýär.
Türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, milli aýdym-sazy we bagşyçylyk sungaty barada gürrüň edilende, gazma dutaryň şirin owazy bilen Magtymguly Pyragynyň paýhasly setirleri biri biriniň üstüni ýetirýän iki gymmatlyk hökmünde göz öňüne gelýär. Dutaryň owazy şahyryň sözüne ganat berýär, şahyryň sözi bolsa sazyň manysyny çuňlaşdyrýar. Olaryň biri gulaga, beýlekisi kalba ýüzlenýän ýaly görünse-de, ikisi-de adamyň ruhy dünýäsine täsir edýär. Bu bitewüligi şahyr Geldi Bäşiýew «Dutarym» atly goşgusynda şeýle beýan edipdir:
Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar,
Biri Magtymguly, biri goşa tar,
Şol goşa gudrata jahan hyrydar,
Owazyň jahana ýaýran dutarym.
Şahyr bu setirlerinde türkmeniň iki beýik ruhy gymmatlygyny —Magtymguly Pyragynyň paýhasly sözüni we dutaryň täsin owazyny bir bitewi milli baýlyk hökmünde görkezýär. «Goşa täç» hem-de «goşa gudrat» diýen çeper aňlatmalar bu iki gymmatlygyň halkyň ruhy dünýäsindäki belentligini aňladýar. Pyragynyň at-owazasy dünýä ýaýran bolsa, dutaryň owazy hem türkmeniň özboluşlylygyny tanadýan medeni nyşanlaryň biridir.
Nusgawy şahyrymyzyň saz sungatyndaky ruhy täsiri diňe halk aýdymlary bilen çäklenmeýär. Türkmen aýdym-saz söýüjileriniň uly söýgüsini gazanan mukamçy kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň döreden «Pyragy» atly sazy hem bu hormatyň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu eseriň döreýşi barada döredijilik adamlarynyň arasynda aýdylýan maglumatlara görä, şahyrlaryň Pyragyny goşgularynda, suratkeşleriň nakgaşlyk eserlerinde, heýkeltaraşlaryň heýkellerinde, artistleriň sahna keşplerinde wasp edýändikleri, emma sazandalaryň arasynda şol wagta çenli oňa ýörite bagyşlanan sazyň ýokdugy barada pikir alşylmagy kompozitory şeýle eser döretmäge ruhlandyrypdyr. Şeýlelikde, beýik şahyra bolan sarpa saz dilinde-de öz beýanyny tapypdyr.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Sungat terbiýesi» bölüminde türkmeniň gazma dutaryna we dutarçylyk sungatyna dünýä jemgyýetçiliginiň bildirýän gyzyklanmasyny aýratyn belleýär. Kitapda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň sanawyna girizilmeginiň bu gymmatlyklaryň adamzat ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmegidigini nygtaýan pikir beýan edilýär. Bu ykrar türkmen halkynyň gadymdan gelýän sungatyna diňe bir buýsanjy däl, eýsem, ony gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek jogapkärçiligini hem artdyrýar.
Dutar bilen Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň ýakynlygy barada oýlananyňda, olaryň ikisiniň hem halkyň hakydasynda ýaşaýandygyna göz ýetirýärsiň. Dutar ussanyň elinde ýasalýar, bagşynyň elinde seslenýär; Pyragynyň sözi bolsa okyjynyň, diňleýjiniň ýüreginde täzeden janlanýar. Olaryň ikisi-de nesilden-nesle geçirilýän ruhy mirasyň janly halkalarydyr. Şonuň üçin «Biri Magtymguly, biri goşa tar» diýen setirler diňe bir şahyrana deňeşdirme bolman, eýsem, türkmeniň özüni tanadýan medeni hakykatynyň çeper beýanydyr.
2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylyp, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giň gerimli dabaralar, ylmy maslahatlar, medeni çäreler bilen bellenildi. Bu şanly sene diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, halkara derejesinde-de uly ähmiýete eýe boldy. Şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek, mirasyny aýawly saklamak, dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak boýunça alnyp barlan işler onuň eserleriniň umumadamzat ähmiýetini ýene bir gezek açyp görkezdi.
Şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde aýratyn hyzmat bitiren adamlary sylaglamak maksady bilen «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Şanly sene mynasybetli «Magtymguly» atly uly göwrümli kitap halkymyza gowuşdy. Şeýle hem, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şahyryň döredijiligini öwrenmek, goramak we ebedileşdirmek işine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezdi. Bu çäreler diňe bir ýubileý dabaralarynyň çäginde galman, milli mirasa uzak möhletleýin çemeleşmegiň hem möhüm bölegine öwrüldi.
Türki medeniýetiň halkara guramasy — TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hem şahyryň türki halklaryň medeni durmuşyndaky ornuny görkezdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle-de şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy onuň mirasynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň möhüm görkezijileridir.
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol ýylyň 11-nji oktýabrynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi hem beýik akyldaryň mirasynyň parahatçylyk, özara düşünişmek we medeni hyzmatdaşlyk baradaky pikirleri bilen baglanyşykly ähmiýetini açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň dürdäne paýhasyndan dörän, halkymyza peşgeş beren «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby hem şahyryň döredijilik dünýäsini giňden tanatmaga gönükdirilen işleriň üstüni ýetirdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenýän günlerinde — 2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda şahyryň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet, edebiýat hem-de sungat ugurlaryny ösdürmekde aýratyn hyzmat bitiren ildeşlerimiziň ençemesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.
Magtymguly Pyragynyň mirasy onuň adyna geçirilýän dabaralar ýa-da oňa dikilen ýadygärlikler bilen çäklenmeýär. Şahyryň iň uly ýadygärligi halkyň hakydasynda ýaşaýan sözi, adamlary agzybirlige we adamkärçilige çagyrýan pikirleridir. Dutaryň her bir owazynda, bagşynyň her bir aýdymynda, okyjynyň kalbynda täzeden açylýan her bir setirde şol mirasyň ömri dowam edýär. Şonuň üçin milli sungaty goramak diýmek, diňe bir gadymy senedi ýa-da sazy saklamak däl; eýsem, onuň aňyrsynda duran ruhy gymmatlyklary, taryhy ýady we halkyň özboluşlylygyny hem goramak diýmekdir.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan, şahyryň döredijiligini öwrenmek, onuň paýhasyny ýaş nesillere ýetirmek we dutarçylyk hem-de bagşyçylyk sungatyny ösdürmek ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! Türkmeniň bu iki beýik gymmatlygy — Magtymgulynyň sözi bilen dutaryň owazy halkymyzyň ruhy dünýäsinde hemişe bile ýaňlansyn!
Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.