The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.11.2023

KÖŇÜL KELAMYNDAN DÖRÄN PAÝHASNAMA

 

Türkmen halkynyň milli medeni ösüşi ençeme taryhy şahsyýetler bilen baglydyr. Bu ösüşde olaryň ýerine ýetiren hyzmatlaryna, gadyr-gymmatyna mynasyp baha bermek halkyň duýgy-düşünjesine, pishologiýasyna, pähim-paýhasyna, tutuş ruhy dünýäsine hormat goýmakdyr. Türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy orun Magtymguly Pyraga degişlidir. Parasatly şahyr türkmen edebiýatyny many-mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip, durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýär. 

Akyldar şahyrymyzy dünýä tanaýar. Onuň şygyrlary ençeme dillere terjime edilip, dünýä halklarynyň kalbyndan hem orun alýar. Türkmen milletini dünýä tanadan şahyra goýulýan hormat-sarpa bu günki gün ýurdumyzda belentde durýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görülýändiginiň özi munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny ýene-de bir gezek içgin seljermek, ony dünýä jemgyýetçiliginde giňden wagyz etmek üçin anyk we netijeli ädimdir. 

ÝUNESKO tarapyndan 1992- nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagta çenli üstünlikli durmuşa geçirilen «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasyna akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň goşulmagy milli edebiýatymyzyň häzirki wagtda pajarlap ösýän taryhyna ajaýyp täzelik bolup girýär. Bu çözgüt şu ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 216-njy mejlisinde kabul edildi. Munuň özi akyldar şahyryň nusgawy şygyrlarynyň dünýäde ykrar edilendiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

Magtymguly atamyzyň: 

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, 

Göteriler ol ykbaly türkmeniň — diýip, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi hakda eden arzuwlary bu günki gün biziň bagtyýar günlerimizde wysal bolýar. Bu gün ykbaly belentliklere göterilen Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrülýär. Akyldar şahyry belentden wasp edýän paýhasnama bolsa bagtyýarlygy hasyl ediji Milli Liderimiziň halkymyza ýüzlenmesi bolup ýaňlanýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamyndan çykan şygyrlar bagtyýarlygyň hasyl bolýan zamanynda belentden ýaňlanyp, her birimiziň ýüreklerimizden orun alýar. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, nusgawy şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýunyň belleniljek günleri indi daşda däl. Şunuň bilen baglanyşykly geçiriljek ylmy maslahatlar, medeni çäreler Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeni gymmatlyklarynda tutýan ornuny ýene bir gezek açyp görkezer. Goý, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini dünýä ýaýmakda giň möçberli işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri baky rowaç alsyn!

 

Ýakup ATABAÝEW, 

TMÝG-niň Ruhubelent etrap geňeşiniň başlygy,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputat