The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän tutumly işleriniň bady ýyl saýyn artýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagynda gazanylýan üstünlikler Garaşsyz Watanymyzyň depginli ösüşine netijeli mümkinçilikleri açýar. Şeýle işlerde dürli maksatly binalary we desgalary gurmakda ýetilýän sepgitlerem bellärliklidir. Güneşli Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklar dogrusynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan gözbaş alyp, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygy da gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäherini ýatlamak ýakymlydyr. “Akylly” şäherligi, ekologiýa babatda arassalygy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdir.
Ajap eýýamymyzyň bu täze şäheriniň öňde baryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk hem-de “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň aýdyň nusgasydygy guwandyrýar. Arkadag şäheriniň ekologiýa babatda arassalygy nygtalanda, bu ýerdäki desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallaryň ulanylandygy bellärliklidir. Şeýle hem nusgalyk şäherde täze elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty hem “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýar.
Dogrusy, bu döwrebap täze şäher barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Arkadag şäheriniň ýene bir aýratynlygynam nygtamalydyrys. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäheriň birinji tapgyrynyň gurlup, ulanmaga berilmegi taryhy waka boldy. Bu tapgyryň çäklerinde bu ýerde medeni-durmuş we beýleki maksatly binalaryň we desgalaryň 336-sy guruldy. “Akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berilmegi ýerine ýetirilmeli tutumly işleriň rowaçlanmagynda möhüm ädim boldy.
Artyk BÄŞIMOW.
Mary etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk we beýleki pudaklary bölüminiň arhitektory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.