The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes başlangyçlaryny ýol-ýörelge edinen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüşleriň täze basgançaklaryna çykýan eziz Diýarymyz baky bagtyýarlyk ýoluna düşüp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şeýle ösüşli döwrüň şu ýyly — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly aýratyn şan-şöhrata eýe bolýar. Çünki, ýaş nesle uly ynam bilen garalýan bu ýyl halkymyzda, aýratynam, ýaşlarda ýokary ruhy joşguny döretdi. Munuň özi bolsa ösüşli gadamlaryň batlanmagyna itergi berdi. Netijede, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagy üpjün edilýär. Şeýle bolansoň halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulaşýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalaryň ýylyna öwrülýär. Aýratynam, şu ýylyň sentýabr aýy ajaýyp şanly günlere beslendi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegi we mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni babatda geljekde has-da ösdürmek babatynda kalplarda buýsanç duýgusyny döreden halk bähbitli çözgütleriň we kararlaryň kabul edilmegi hemmeleri guwandyrdy.
Şol mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eden maksatnamalaýyn taryhy çykyşlary halkymyzyň has röwşen geljegine gönükdirildi. Şeýle bolansoň ol çykyşlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — “Altyn Aý” nyşanynyň gowşurylmagy we Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany adynyň dakylýandygynyň yglan edilmegi bütin türkmen halkynda kanagatlanmak duýgusyny döretdi.
Goý, türkmen halkyny has nurana günlere alyp barmak bilen Diýarymyzy baky bagtyýarlyga öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlary dik, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Jumamuhammet ŞIRMÄMMEDOW.
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty