The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda ýadawsyz tagallalar edilýär. Ähli ugurlarda il-günüň bähbidine gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde biz bu ajaýyp hakykata ýene bir gezek göz ýetirdik.
Hormat-sarpanyň, agzybirligiň höküm sürýän ýerinde abadançylyk we gülläp ösüş bolýar. Sylag-hormatyň we agzybirligiň özeninde bolsa birek-birek bilen düşünişmek, ynanyşmak ýörelgeleri durýar. Parasatly halkymyz asyrlaryň dowamynda jemgyýeti dolandyrmagyň hut şular ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan gurluşyny döredip, ähli meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözüpdir. Bu ýol-ýörelge Garaşsyz Watanymyzda mynasyp dowam etdirilip, döwletimiziň kuwwatlanmagynyň we jemgyýetimiziň jebisliginiň esaslaryny berkidýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa öňde goýan belent maksatlarymyza ýetmek üçin halk bilen döwletiň arabaglanyşygyny üpjün edýän möhüm halkadyr.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda ähli pudaklarda, şol sanda bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag we beýleki ulgamlarda öňde durýan wezipeleriň üstünde birin-birin durup geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly çykyşy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň okgunly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen işlere mynasyp goşant goşmaga çagyryş hökmünde il-ulsumyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşynyň dowamynda şanly baýramyň dabaraly bellenilýän günlerinde gelip gowşan şatlykly habar, ýagny Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan - Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köp taraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdiň kabul edilendigi baradaky aýdan habary başymyzy göge ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň ýakyn onýyllyklarda Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigi baradaky aýdanlary bolsa Watanymyzyň röwşen geljegine bolan ynamymyzy artdyrdy. Taryhy ähmiýetli mejlisiň dowamynda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly goşant goşan ildeşlerimiziň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy hem-de hormatly atlara mynasyp görülmegi eziz Diýarymyzda adamyň tutanýerli zähmetine goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Ählihalk forumynda eden taryhy çykyşy Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky durmuş sapagy hökmünde her bir raýatyň göwnüni galkyndyrdy. Milli Liderimiziň: «Milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr» diýen sözlerinde häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş ýolundaky esasy aýratynlyklar şöhlelenýär. Bu ýol şu günki bagtyýar durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagyna hem-de röwşen geljegimiziň rowaçlygyna uzaýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taryhy çykyşlaryndaky beýan eden parasatly pikirleri belent maksatlara uzaýan röwşen ýolumyza ýagty saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt we umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläkde rowaçlansyn!
Merdan ORAZMEREDOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.