The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, teatr sungatyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Munuň şeýledigine teatr ussatlarymyzyň halkara derejede yzygiderli gazanýan üstünlikleri we 14-16-njy noýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem şaýatlyk edýär. Birnäçe döwletleriň teatr toparlarynyň gatnaşmagynda geçen bu festiwal Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem ähli ugurlardaky ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli çäre boldy.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Akmämmet ANNAMANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy
orta mekdebiň müdiri.