The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan, sebitde deňsiz taýsyz Arkadag şäheri bilen tanyşlygymyzyň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinden başlanmagy ýöne ýerden däl. Çünki ýaşamak, okamak, işlemek üçin ähli amatlyklar we şertler döredilen ýaşlaryň hem geljegiň şäherinde bagt hem söýgi gaýnap joşýar. Şäheriň ajaýyp ýerinde, tanymal sahna ussadymyz Sabyr Ataýewanyň adyny göterýän köçäniň ugrunda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezi bolsa durmuşa gadam basýan ýaşlary söýginiň hem bagtyň ak ýollaryna atarýar. Päk söýgüden öý-ojak, maşgala döräp, nesil daragty gol ýaýýar, dowamata-dowam bolýar. Arkadag şäheriniň häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulmaral HOJAÝEWA bilen söhbetdeşligimiz hem şol mukaddeslikler dogrusynda boldy.
— Ogulmaral, halkymyzda täze jaýa göçülip barlanda: «Ýurduňyz garşy alsyn!» diýilýär. Tüweleme, size-de gojaman Köpetdagyň eteginde kemala gelen ak şäherden köşk ýaly ajaýyp binada işlemek bagty miýesser etdi. Biziň üçin iş ýerimiz ikinji öýümiz ýaly. Şonuň üçin size: «Ýurduňyz garşy alsyn!» diýýäris.
— Sag boluň. Düýşde görlende ynanyljak hakykatmy bu. Heniz görlüp-eşidilmedik täsin şähere gelip, ertekiler dünýäsine düşen ýaly bolduk. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň bol elin durmuşy, bagtyýar ýaşaýşy baradaky taýsyz tagallalarynyň miwesi. Ak şäheriň milli binagärligimiziň nusgalyk keşbi siňdirilen medeni-durmuş, saglyk maksatly desgalary, ylym-bilim ojaklary, dynç alyş seýilgähleri, «akylly» öý hyzmatlary ornaşdyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň hyzmatynda. «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi hem halkymyzyň toý tutmak, nika baglaşmak dabaralaryny ýokary derejede, döwrebap röwüşde geçirmek maksady bilen gurlan ajaýyp binalaryň biri. Üns beren bolsaňyz, binanyň daş keşbinde gelin-gyzlarymyzyň bezegi bolan milli şaý-seplerimizden owadan gülýakanyň şekili bardyr. Merkeziň içki bezeglerinde hem millilige aýratyn üns berlipdir, ýagny diwarlaryň ýüzüne milli şaý-seplerimiziň şekilleri çekilipdir. Haly gölli tutular, toý dabaralaryndan alnan suratlar ol bezegleriň üstüni ýetirip, merkeze aýratyn görk berýär. Umumy meýdany 3,96 gektar bolan merkezde milli bezegler, owadan öwüşginli çyralar bilen bezelen 500 we 200 orunlyk toý zallary bar. Milli lybaslaryň we şaý-sepleriň dükanlary, gözellik salonlary, dellekhanalar, surata düşmek, toý dabarasyndan ýadygärlik wideo ýazgylaryny we fotoalbomlary taýýarlamak üçin studiýalar işleýär. Bu merkezde ilkinji bolup toý tutmak, nika baglaşmak bagty Gökdepe etrabynyň Ahal obasynyň ýaşaýjylary Arslan Agageldiýew bilen Aýjeren Atagylyjowanyň paýyna düşdi. Ýaş çatynjalar özlerini iň bagtyýar maşgala saýyp bilerler. Çünki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze şäherde ilkinji bolup nika toýuny tutmak bagtlylykdan nyşan.
— Maşgala diýmek, kiçijik döwlet diýmekdir. Çünki maşgalanyň hem öz gurluşy, tutumy, maksady bar. Ondan dörän nesillerden täze maşgala kemala gelýär. Täze maşgala bolsa hemme zady täzeden başlamaly bolýar. Söhbedimizi maşgala mukaddesligi baradaky pikirleriňiz bilen dowam etdirsek.
— «Döwlet maşgaladan başlanýar» diýilýär. Maşgala döwletimiziň goşa ganaty, esasy sütünleriniň biri. Döwletiň, jemgyýetiň ösüşi maşgalanyň abadançylygy bilen ölçenilýär. Bagtyýar maşgalalaryň sany köpeldigiçe, döwletiň ösüşi hem artmak bilendir. Ol döwletiň ykdysady, bilim, ruhy we maddy derejesiniň görkezijisidir. Garaşsyz Watanymyzda türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanýar. Halkymyz maşgalany mukaddeslik saýyp, saçak, ojak bilen deňeýär. Ýurdumyzda maşgala mukaddesligine uly sarpa goýulýar we ol hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynýar. Ýurdumyzda täze maşgala gurýan ýaş çatynjalara öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny satyn almaga ýardam bermek üçin ýeňillikli karz pullary berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary 3 ýyllyk möhlet bilen 1 göterime 20 müň manada çenli karz pul alyp bilýärler. Bu ýaş maşgala üçin uly kömek.
— Ogulmaral, edeplilik, asyllylyk, wepalylyk, agzybirlik, zähmetsöýerlik türkmen maşgalasyna mahsus ýörelgeler. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty hökmünde şol asylly ýörelgelerimiziň milli kanunçylyk ulgamyndaky beýany barada hem durup geçseňiz!
— Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýilýär. Şu jähetden, adam baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Garaşsyz Watanymyz ähli babatda dünýäde adam hakda bimöçber alada edýän ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň milli kanunçylyk ulgamy ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýän däp-dessurlar, edim-gylymlar, urp-adatlar esasynda düzülip, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkidýän milli kanunçylygymyzyň ösüşinde aýal-gyzlaryň erkekler bilen deň derejede hukuklarynyň, azatlyklarynyň we olary durmuşa geçirmekde deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ileri tutulýar. Ýurdumyzda eneler we çagalar, maşgala gymmatlyklaryny, hukuklaryny gorap saklamak babatda kanunçylyk ulgamy barha kämilleşdirilýär. Olaryň saglygyny goramaga, köp çagaly maşgalalara ýardam bermäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Zenanlaryň ýokary jemgyýetçilik syýasy mertebä eýe bolmagy, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň derejede işjeň gatnaşmagy, kemally nesilleri terbiýelemegi üçin oňaýly şertleriň üpjün edilmegini nazarlaýan kadalar Esasy Kanunymyzda hem-de Maşgala kodeksinde berkidilendir. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylmagy, ýurdumyzyň BMG-niň gender deňligi hem-de aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine birnäçe gezek saýlanmagy aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuşykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny alamatlandyrýar. Bu gün türkmen zenanlary özlerini iň bagtyýar ynsanlar hasaplaýarlar. Dünýä halklary olaryň başarjaňlygyna, ugurtapyjylygyna, zähmet söýerligine, wepalylygyna, çeper el hünärine aýratyn uly baha berýärler. Nesil terbiýesinde mährem enelerimiz milli jemgyýetimizde ähli döwürlerde-de esasy orny eýeläpdirler. Bu babatdan, Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň manyly ömür we durmuş ýoly, baý terbiýeçilik mekdebi her birimiz üçin nusgalykdyr. Türkmeniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag şäherinde gurlan binalarda zenanlarymyzyň öňküden-de yhlasly zähmet çekmekleri, sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekleri üçin aňrybaş şertler döredilen. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.