The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.11.2023

DÜNÝÄNIŇ NAZARYNDAKY ÇEMPIONAT

 

Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän künjegine öwrülen güneşli Diýarymyz ýene-de bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara we sebit derejesinde sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatda ýurdumyzyň baý tejribesine dünýäniň sport jemgyýetçiligi, halkara sport guramalary we federasiýalary tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatyna 50-ä golaý ýurtdan 240-dan gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ak şäherimiz Aşgabat iň köp türgeni kabul etmek bilen, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda mynasyp orun eýelär. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal döredilen hem bolsa, sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanma dünýäniň çar künjeginde giň gerim bilen ösmegini dowam etdirýär. Muňa soňky wagtlar Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň her ýyl ýokary guramaçylykly geçirilmegi hem öz täsirini ýetirýär. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen gözel Aşgabat şäheri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu halkara derejeli ýaryşyň ondördünjisini kabul edýär. 

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň sport söýüjileriniň, janköýerleriniň nazarynyň ýene gözel paýtagtymyza gönükmegine sebäp bolýar. Olar gözel Diýarymyzda ýaýbaňlandyryljak bu sport baýramynyň täsirli pursatlara baý, dünýäniň ussat türgenleriniň arasyndaky göreşleriň tolgundyryjy, çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyna uly ynam bilen garaşýarlar. Bu ynamyň düýp mazmunynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi dünýäniň sport merkezine, iri sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplan ýurda öwürmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary örboýuna galýar. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä derejesinde belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty