The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmen halky garaşsyzlygy gorap saklamagyň berk daýanjy, synmaz sütüni bolan hemişelik Bitaraplygyň 28 ýyllyk baýramyna barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi parahatçylygy gorap saklamakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda halkara gurallaryň täsirini artdyrmak, bu ugurda täze halkara syýasy serişdeleri döretmek ugrundaky tagallalara täze itergi berdi.
Türkmenistanyň bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýetiniň ýyl-ýyldan artýandygyny görmek bolýar. Bitaraplyk dünýäde gatnaşyklary kadaly ýöretmekde täsirli syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýörelge hökmündäki ornuny netijeli pugtalandyrýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary üçünji müňýyllygyň çylşyrymly halkara ýagdaýlarynyň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol bolup öňe çykýar. Ýurdumyzyň parahatçylykly hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatynyň esasy ýörelgelerini kemala getirmekde we mizemez strategik binýada öwürmekde Gahryman Arkadagymyzyň taryhy işleri umumadamzat ösüşinde aýratyn orny eýeleýär.
Ýer ýüzünde parahatçylykly ösüş üçin mümkinçilikleriň uludygyny, serişdeleriň ýeterlikdigini maglumatlar äşgär edýär. Heniz ulanylmadyk tebigy serişdelerden başga-da, ylmy-tehnologik gazanylanlar umumadamzat ýaşaýşy üçin möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Azyk önümlerini öndürmegiň çaltlandyrylan usullarynyň ýüze çykarylmagy, serişdeler bilen üpjünçiligi deňagramly ýola goýmak, tygşytlylyk ugrundaky tagallalar, sagdyn durmuş, sagdyn iýmitlenmek babatda dünýäde barha meşhurlyga eýe bolýan hereketler adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýär. Halkara jemgyýetçiligiň ünsüni ýyl-ýyldan özüne çekýän bu hereketleriň syýasy taýdan üpjün edilmegini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biridir.
Durmuş ugurly, pragmatizme esaslanýan döwlet syýasaty parahatçylygy gorap saklamagyň, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biridir. Şunda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň ähli ugurlarynyň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, ylalaşyklylyga esaslanýan maksatlarynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi rowaçlyga alyp barýan, adalatly ýoldur. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýoludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döreden, ösdüren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatydyr. Bu döwletlilik syýasaty hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, parahatçylykly halkara gatnaşyklary ündeýär. Häzirki zaman dünýäsiniň täsirli sebitleriniň birinde, yklymlaryň söwda-ykdysady ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän, ýangyç-energetika serişdeleriniň ägirt uly tebigy gorlaryna eýe bolan Türkmenistan üçin Bitaraplyk hukuk derejesini gyşarnyksyz berjaý etmegiň syýasy, hukuk, durmuş, gumanitar jähetlerini berkitmek, oňa halkara gatnaşyklaryň gün tertibinde hemişelik orun bermek daşary syýasat strategiýasynyň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup öňe çykýar. Munuň özi ýurtda durmuş-ykdysady ösüşi üstünlikli alyp barmagyň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň çalt ösýän döwlet hökmündäki abraýyny artdyrmagyň, uzak geljek üçin il bähbitli maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerur şertlerini döretmegiň hem möhüm wezipesidir.
Asudalyga, hoşmeýillilige bolan ynam heňňam ýollarynda adamzady öňe tarap beýik maksatlar bilen hereket etmäge iterendir. Şol ynam dünýäni sarsdyran iň pajygaly ýagdaýlarda-da ynsanlara güýç beripdir. Adamzat taryhy döwürlerde kyn synaglardan geçipdir. Ýagşylygyň, haýryň, adalatyň hemişe üstün çykjakdygy baradaky düşünjäni durmuşyň daýanjyna öwrüpdir.
Türkmen Bitaraplygynyň binýadynda hem umumadamzat gymmatlygy bolan şeýle düşünjeler durýar. Diýmek, döwletimiziň alyp barýan syýasaty adamzat üçin zerur bolan beýik ideýalara ýugrulandyr.
Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dünýäde doly ykrar edilýär. Adamyň ömri, saglygy, durmuşy babatda ýurdumyzda ýola goýlan giň gerimli çäreler halkara giňişlikde goldanylýar, tejribe hökmünde öwrenilýär. Munuň özi türkmen halkynyň uly buýsanç bilen dowam etdirýän parahatçylykly ösüş ýolunyň gymmatynyň örän ýokarydygyny, taryhy ähmiýetlidigini görkezýär.
Parahatçylyk — munuň özi howpsuz ýaşaýyşdyr, ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragydyr, gülläp ösüşlerdir. Döwletimiziň bitaraplyk syýasaty ynsanperwer, öňdebaryjy ideýalara tüýs ýürekden uýýan, dost-doganlyk ruhy bilen ýaşaýan, işleýän, döredýän täze nesliň kemala gelmegine şert döretdi. Biziň jemgyýetimiziň esasyny düzýän bu täze nesliň aňyndaky, kalbyndaky ýagşy niýetler, alyp barýan haýyrly işleri geljegimiziň ajaýypdygyna kepildir.
Gahryman Arkadagymyzyň iň ösen ýaşaýyş şertlerini öz ýurdumyzda döredip boljakdygy, bagtyýar ýaşaýşa ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň zerurdygy baradaky garaýyşlary, bu maksatlary durmuşa geçirmekde bitirýän beýik işleri türkmeniň taryhy ösüş ýoly hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiz halkyň taryhy, ruhy mirasyndan gözbaş alýan milli syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk binýadyny kemala getirmekde-de ägirt uly işleri bitirdi. Bu ýol-ýörelgeler döwrüň synagyndan geçip, milli jemgyýetiň berk binýadyna, döwletliligimiziň mizemez esasyna öwrüldi. Bu bolsa ösüşlere tarap hereketiň güýjüdir, halkyň milli buýsanjynyň egsilmez çeşmesidir, parahatçylykly durmuşy berkitmegiň nusgalyk tejribesidir.
Türkmenistan bu gün durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşde näçe öňe giden bolsa, munuň özi ýurdumyzyň işläp taýýarlaýan we durmuşa geçirýän ösüş strategiýasynyň netijesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhas, güýçli syýasy erk, öňdengörüjilik bilen öňe sürýän beýik başlangyçlarynyň miwesidir. Her bir pudakda ýerine ýetirilýän işleriň döwrüň talaplaryna, milli ykdysadyýetiň zerurlyklaryna laýyklygy öňe sürülýän başlangyçlara örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşilýändigini görkezýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanda çalt depginde uly ösüşlere ýetmekde mümkinçilikleriň ägirt uludygyny ýene bir gezek tekrarlamak bilen, ösüş ugurlaryny saýlap almaga, şol ugurlara maýa goýumlary gönükdirmäge örän paýhasly çemeleşilýändigini hem belläp geçmek gerek. Öňde hem nygtaýşymyz ýaly, biziň ýurdumyz ykdysady ösüşler üçin zerur bolan tebigy serişdelere örän baýdyr. Şol serişdeleri aýawly hem öz ýerinde ulanmak oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär. Ägirt uly giňişlikde ösen tehnologiýalara daýanyp, islendik önümi öndürmäge mümkinçilik bar wagtynda, ýurdumyzyň sebitlerinde, esasan, içerki bazarlara zerur bolan önümleri öndürýän hususy önümçiligi ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilmegi türkmen halkynyň bähbitleriniň pugta göz öňünde tutulýandygynyň alamatydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýen maksatnamalaýyn şygaryň döwlet syýasatynyň baş ýörelgesidiginiň güwäsidir.
Parahatçylykly durmuş syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady ösüşlerde-de, medeni-durmuş ulgamlarynda-da ýurduň raýatlary üçin ýokary şertleri döretmek baradaky tagallalary güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, paýtagtymyzda ýaşaýyş, önümçilik, medeni-durmuş düzümleriniň döwrebap ulgamlarynyň berk binýadynyň döredilendigi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ýurdumyz tutuşlygyna gazlaşdyryldy, elektrik energiýasynyň kuwwatly ulgamlary bilen üpjün edildi. Suw üpjünçiligi babatda köp işler bitirildi we bu işler giň gerimde dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurduň abraýyny, halkyň bagtyýarlygyny adamlar üçin ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde, geljekki nesiller üçin abadan durmuşyň mizemez esaslaryny pugta kemala getirmekde görýärler. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde şeýle belledi: «Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisini diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirýäris». Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmekde, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmakda, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmekde, oba hojalygynda özgertmeleri geçirmekde hem-de azyk üpjünçiligini gowulandyrmakda, sebitlerimizde iş orunlaryny döretmekde, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler barada aýratyn nygtady.
Ýurdumyzda her bir baýramçylykda, şanly senede täze-täze desgalaryň açylyş dabaralary bolýar. Ýokary tehnologiýaly önümçilik desgalary işe girizilýär. Bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzlerçesine täze jaýlaryň açarlary gowşurylýar. Täze medeniýet, bilim ojaklary, saglyk öýleri, sport desgalary işe başlaýar. Türkmen topragynda parahat durmuş dowam edýär. Halkymyz uly ösüşleriň şaýady bolýar. Watandaşlarymyz öz zähmetleri bilen döredýän eşretleriniň hözirini görüp ýaşaýar. Ertirki güne, nesilleriň geljegine ynamly garaýar. Bularyň hemmesi üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýar.
Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy,
Mejlisiň deputaty.