The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Jemgyýetimizde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen neşekeşlige, çilimkeşlige, arakhorluga, naskeşlige garşy göreş jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Zyýanly endiklerden çilimkeşlik ynsan saglygyna has-da zyýanlysydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzda temmäki önümleriniň zyýanly täsiriniň öňüni almak bilen bagly çärelere uly üns berilýär. Bu meseläniň çözgüdine üstümizdäki ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde-de garaldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň, şiresiniň, elektron çilimiň ýurdumyza bikanun getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurlygyny belläp bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi il-günümiziň saglygyny temmäki önümleriniň zyýanly täsirinden goramaga gönükdirilen derwaýys tagalladyr.
Lukman hökmünde çilimkeşligiň zyýany barada ýatlap geçmegi zerur hasaplaýaryn. Çilim çekýän adamlarda demgysma, bronhit, dem alyş ýollarynda dürli keseller has ýygy ýüze çykýar. Şeýle hem bu ýaramaz endige ýykgyn edýän adamlaryň ýürek gan damar ulgamlarynda, dem alyş ýollarynda, öýkende keselleriň döremek ähtimallygy ýokary bolýar. Dem alyş ýollarynda täze döremeleriň peýda bolmagam ahmaldyr. Bu ýagdaýlara temmäkiniň düzümindäki nikotin, uglerodyň okisi, sinil kislotasy, kömürturşy gaz, organiki kislotalar sebäp bolýar. Bular çilimkeşiň bedenine çilimiň tüssesiniň üsti bilen aralaşýar. Galyberse-de, temmäki tüssesi çilimkeşiň dişlerini saraldýar.
Çilimkeşligiň öňüni almakda, ondan diňe bir uly ýaşly adamlary däl, eýsem, ýaşlary goramak aýratyn ähmiýete eýedir. Bu meseläniň çözgüdi hemmeleriň wezipesidir. Şonuň üçinem çilimkeşligiň, naskeşligiň zyýanly täsiri barada düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini alyp barmak möhüm wezipedir.
Çary GURBANMYRADOW.
Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.