The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Bütin dünýäde durnukly ösüşiň hemde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ekologik meselelere degişli wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitirýän beýik işleriniň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynda belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etmegi şu döwletiň raýatydygyňa bolan buýsanjyňy artdyrýar.
Umumadamzat ähmiýetli tagallalary üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de halkymyzyň Milli Liderine alkyşlarymyz çäksizdir.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.