The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.12.2023

KÄMIL TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy ösýär, onuň gurluşy kämilleşdirilýär. Okatmak we terbiýe bermek işi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk getirilýär. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň ýörelgelerini, düzgünlerini, usullaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek we ýokary netijeli usullardan peýdalanmak möhümdir.

Mugallymlar we synp ýolbaşçylary okuwçylar bilen üznüksiz terbiýeçilik işlerini geçirýärler. Şeýle ähmiýetli işler okuwçylarda watan söýüjiligi, zähmetsöýerligi, myhmansöýerligi, dostlugy, agzybirligi, ynsaplylygy, özüňi alyp barmagyň medeniýetini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny öwrenmäge, bilimini kämilleşdirmäge, saglygyny goramaga we berkitmäge, milli baýramçylyklary bellemäge, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bolan gyzyklanmany ösdürmäge ýardam edýär. 

Bilim-terbiýeçilik işleriniň ýokary netijelere eýe bolmagyny gazanmak üçin milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň bilim-terbiýäniň mazmunyna siňdirilmegini, okuw-terbiýeçilik işleriniň döredijilikli meýilnamalaşdyrylmagyny talap edýär. 

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň müň ýyllyklaryň dowamynda döreden medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmegiň we ony gorap saklamagyň möhümdigini belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň pederlerimizden miras galan baý medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň), bilim ulgamyna degişli kabul edilen konsepsiýalaryň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň Döwlet bilim standartynyň, «Türkmenistanda Döwlet bilim edaralary hakynda Düzgünnamasynyň», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemegiň Maksatnamasynyň» tassyklanmagy ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işleriniň dünýä ölçeglerine laýyk getirilmeginiň binýadyny goýdy. 

Mekdepde durnukly, yzygiderli we netijeli terbiýeçilik işlerini alyp barmak mugallymlaryň we synp ýolbaşçylarynyň hünär ussatlygyna, pedagogik meselelerden baş alyp çykyp bilmek başarnygyna baglydyr. Terbiýeçilik sagatlary mähriban Watanymyzyň gündelik durmuşy, ondaky öňegidişlikler, ösüşler, özgerişler, şanly seneler, Watanymyzda alnyp barylýan syýasat bilen tanyşdyrmaga we türkmen halkyna mahsus ynsanperwer häsiýetli adamlary ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Mugallymlaryň okuwçylar bilen geçirýän terbiýeçilik işleriniň mazmunyna we guralyşyna täzeçe, döredijilikli çemeleşmekleri zerurdyr. Sebäbi olaryň geljekde zähmetsöýer, Watana wepaly, ar-namysly, sözüne ygrarly, öz hukugyna we borjuna düşünýän adamlar bolup ýetişmegi hut şu aladalara baglydyr. Her bir sapak taýýarlykly guralmalydyr we türkmen halkynyň durmuş sapaklaryna hem-de milli köklerine esaslanmalydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. 

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işinde terbiýäniň ähli görnüşlerini we nakyllardyr atalar sözlerini, hüwdülerdir sanawaçlary, rowaýatlardyr ertekileri utgaşykly peýdalanmak onuň täsirliligini artdyrýar. Çaga terbiýesinde her bir terbiýeçidir mugallym, ata-eneler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndan we halk döredijiliginiň eserlerinden ýerlikli peýdalanmalydyrlar. Olaryň ýaş nesillerimizde arassa ahlaklylygy, ar-namyslylygy, edepliligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. 

Türkmen halkynyň medeni mirasyny, däp-dessuryny, bilim we ahlak ýörelgelerini, dünýä, umumadamzat medeniýetine goşan goşandy baradaky düşünjeleri öwretmek arkaly geçirilýän şeýle işleriň netijesinde, ýaşlarda Watana, halka, hormatly Prezidentimize, ata-enä bolan söýgi, buýsanç duýgulary kemala gelýär. Durmuş meselelerinden baş çykaryp bilýän, döwür bilen aýakdaş gadam urýan, watançy, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek her bir bilim işgäri üçin wajyp wezipe bolup durýar. 

Okuwçylara berilýän terbiýäniň esasy maksady çaganyň kalbyna öňden ykrar edilen jemgyýetçilik gymmatlyklaryny siňdirmekden, ony durmuşa ýaramly, ukyply, hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýete öwürmekden, adamyň özüni alyp barşynda ýokary medeniýeti, edep-ekramy, adamkärçilik häsiýetleri bilen mertebeli bolýandygyny, her bir adam üçin ahlak we hukuk terbiýesiniň zerurdygyny, onsuz durmuşda öňe gidişlik gazanyp bolmaýandygyny düşündirmekden ybaratdyr. 

 

Jumamyrat ŞÄHEROW, 

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.