The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýurdumyzda raýatlaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuş özgertmelerini döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, milli parlament tarapyndan hem birnäçe möhüm işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuş goraglylygyna degişli birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Hereket edýänleri kämilleşdirildi. Raýatlaryň pensiýa, aýratyn toparlaryň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň döwlet kepillikleri Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde öz beýanyny tapýar.
Kanunçylyk namalarynyň taslamalary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň teklipleri esasynda, şeýle hem daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň goşulyşan halkara konwensiýalarynyň düzgünleri göz öňünde tutulyp, işlenip düzülýär. Häzirki wagta çenli durmuş ulgamyna degişli kanunçylyk namalaryna birnäçe gezek döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinden başga-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän kanunçylyk namalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini, Maşgala kodeksini, Zähmet kodeksini, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda, Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda, Durmuş hyzmatlary hakynda, Hossarlyk we howandarlyk hakynda, Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda Kanunlaryny görkezmek bolar. Şu we beýleki kanunçylyk namalary bilen zähmete ukypsyzlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatlary, iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligi amala aşyrylýar.
Durmuş goraglylygy hakynda aýdylanda, köp çagaly maşgalalaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy barada aýratyn gürrüň edesiň gelýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz her ýylky mejlislerde bu babatda kanunçylygyň kämilleşdirilip durulmagynyň wajypdygyny aýdýar. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine we «Ene mähri» diýen hormatly adyň Düzgünnamasyna köp çagaly eneleri goldamak boýunça birnäçe täze kadalar girizildi. Olara laýyklykda, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlandyryldy. Suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan peýdalanmakda ýeňillikler göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwlet goldawyna mätäç raýatlaryň toparyna dört we şondan köp çagasy bolan adamlar girýär. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda almaga hukuk Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan enelere, dört we şondan-da köp çagaly maşgalalara degişli edilýär. Halkara tejribede köp çagaly maşgala diýip, üç we şondan köp, käbir ýurtlarda dört we şondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çaga bolan maşgala düşünilýär.
Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksine laýyklykda, çagalaryň sanyna görä aýal maşgalalara hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygyny hasaba almak bilen, ýaşy boýunça pensiýa hukuk berilýär. Mysal üçin, üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 56 ýaş, dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 55 ýaş, bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyp çagasy bolan we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 54 ýaş, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 52 ýaş göz öňünde tutulan.
«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kämillik ýaşyna ýetmedik dört we şondan köp çagaly, ätiýaçlykda bolýan erkek raýatlaryň harby ýygnanyşyklardan boşadylmagy baradaky kada berkidilendir. Sekiz çagadan az bolmadyk köp çagaly maşgalalara degişli çagalaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi baradaky kada hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär. Umumy bilim berýän edaralaryň köp çagaly we kömege mätäç maşgalalarda ýaşaýan okuwçy ýaşlary goldamak «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar.
Köp çagaly maşgalalara ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda-da döwlet kepillikleri berilýär. Kanunçylyga görä ýetim, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, köp çagaly maşgalalara, maýyplygy bolanlara, zähmete ukypsyzlara we beýlekilere zerur durmuş goragyny we goldawyny amala aşyrmak maksady bilen, haýyr-sahawat işi geçirilip bilner. Hemmämize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy netijeli işleri alyp barýar. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäçlere lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bu Gahryman Arkadagymyzyň çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak baradaky asylly ýörelgeden ugur alyp, olaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalarynyň netijesi bolup durýar.
Durmuş goraglylygy çygrynda halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hukuk ulgamynda kabul edilen «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, şol sanda Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy bilen alyp barýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň, kabul edilýän bilelikdäki maksatnamalaryň esasynda hereket edýän kanunçylyk namalary kämilleşdirilip, täze kanunlar kabul edilýär. Olaryň hatarynda Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek baradaky bilelikdäki maksatnamany görkezmek bolar. Onuň esasynda «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, häzirki wagtda ol üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Köp çagaly maşgalalar döwletiň we hökümetiň hemişe üns merkezinde bolup, olaryň we beýleki raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara yzygiderli goldaw bermek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçen umumy sapagynda şeýle belledi: «Haýsy ýokary döwlet wezipesinde işlesem-de, meniň ähli oý-pikirlerim halkym bilen baglydyr. Men ömrümiň manysyny watandaşlarymyzyň asuda, bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, mähriban halkyma gulluk etmekde görýärin». Ykbalyny halkyna bagyşlap iş tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri kalplary tükenmez buýsanja, alkyş-hoşallyga besleýär.
Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni