The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

28.12.2023

ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de, ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň durmuşynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalar bolup geçdi.

Ynha, şeýle, taryhy ähmiýetli wakalaryň biri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara sergiň açylyş dabarasy boldy. Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýaşlaryň ajaýyp üstünlikleri, halkara derejesindäki ýeňişleri bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrandyklary uly guwanç bilen nygtaldy.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ylmy-amaly maslahatyna Mary welaýat kitaphanasynda welaýatymyzyň ýaşlary onlaýn arkaly gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýip, nygtamagy islendik hünärde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlary geljekde has-da yhlasly, tutanýerli bolmaga ruhlandyrýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň özleri hakyndaky edýän beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş nesiller döredijilikli okap, zähmet çekýärler.

Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere, täze-täze ýeňişlere, halkymyzy eşretli ertire sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maksat JANMYRADOW.

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty