The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.01.2024

KÄMILLIGI NAZARLAÝAN MÖHÜM ÖZGERTMELER

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şan-şörata beslenýär. Üstünlikli jemlenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem jemgyýetimizi, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler, ýurdumyzyň gülläp ösüşleri bilen bagly möhüm wakalara baý boldy. Şeýle wakalaryň biri-de, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen ýurdumyzyň parlament ulgamy bilen giň jemgyýetçiligiň wekillerini bilelikdäki mejlisidir. 

Mä­lim­ bolşy ýaly, mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, iki palataly Milli Geňeşi bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky çözgüt makullandy we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Şol mejlisde «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bolsa il­halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza çäksiz hormatynyň ýene­-de bir ýüze çykmasyna öwrüldi. Şol taryhy mejlisden bäri geçen bir ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem halkara gatnaşyklarda parlament ulgamyny, kanunçykaryjylygy, döwlet we ýerli wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň has ilerledilendigini, bu ugurda jemgyýetçilik işjeňliginiň ýokarlanandygyny bellemek zerurdyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş tutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertme halkymyzyň bähbidine gönükdirilýär we biz bu özgertmeleriň ajaýyp netijelerini durmuşda açyk­-aýdyň görýäris. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolup, özygtyýarly ösüş ýoluna düşeli bäri bary­-ýogy 32 ýyldan gowrak wagt geçdi. Munuň özi taryh üçin uly döwür däldir. Biz Garaşsyzlygyň döredýän mümkinçiliklerine ýyl­-ýyldan has oňat göz ýetirýäris. Şunda esasy bellemeli ýagdaý, ýurdumyzda kanunçylygyň, jemgyýetçilik sazlaşygynyň, ösüş üçin zerur bolan şertleriň ýokary derejede ýola goýulmagydyr. Bu bolsa Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan syýasy­-jemgyýetçilik, demokratik-­hukuk özgertmeleriniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. 

Ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamlarynyň, parlament işiniň kämilleşdirilmeginiň hemişe jemgyýetçilik garaýyşlaryna esaslandyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işlere halkyň gyzyklanmasyny artdyrýar. Her bir kanun döwletiň, halkyň zerurlyklaryna görä kabul edilýär. Bu bolsa syýasy, ykdysady, medeni­-ynsanperwer ugurlaryň hemmesinde işleri döwre görä anyk meýilleşdirmäge we üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň Başlyklygyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bellenilmegi parlament işini diňe bir ýurdumyzda däl­de, tutuş sebitde, halkara giňişlikde has işjeňleşdirdi. Gahryman Arkadagymyz paýhasly döwlet işgäri, dünýä ýagdaýlaryna çuňňur düşünýän diplomat hökmünde ählumumy parahatçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üpjün edilmeginde parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn möhüm ornunyň bardygyny halkara jemgyýetçilige ýetirýär. 

Parlamentara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek bilen, halkara syýasy-­ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge ýol açýar. Parlament diplomatiýasynyň täsiriniň artmagy häzirki çylşyrymly dünýä ösüşinde dartgynlylygy gowşatmagyň, özara düşünişmegiň we ylalaşygyň zerur şertleriniň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň içerki ösüşlerini netijeli ýola goýmagyň hem esasy şertleriniň biridir. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni­ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygy has giňeltmek ugrunda çalyşýan Türkmenistanyň ösüşleri üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary, düşünişmegi we ylalaşygy gazanmak ilkinji nobatdaky zerurlykdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunçykaryjylyk we parlament işiniň ähmiýetini nygtamak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Täze döwürde ýurdumyzyň parlamentiniň işini hem barha ösdürýäris. Milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris» diýip belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş-­ykdysady özgertmeleriň hem-­de halkymyzyň ýaşaýyş-­durmuş derejesini mundan beýläk-­de ösdürmegiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak işiniň ähmiýeti uludyr. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetde täze hukuk medeniýetiniň kemala getirilmeginde, döwletlilik ýörelgelerini we demokratiýany ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna uly ynam bildirýär. 

2023-­nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen mejlisde Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň özgerdilmegi bilen bagly bolan iň möhüm syýasy-­jemgyýetçilik çäreleriniň biri­de şol ýylyň 26­-njy martynda demokratik esaslarda, açyklykda, aýanlykda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarydyr. Munuň özi halk häkimiýetliliginiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda ýene bir wajyp ädimi alamatlandyrdy. Saýlawlar döwründe halkymyz diňe bir öz isleg­-arzuwyny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, gülläp ösýän Watanymyzyň dünýäde beýgelýän abraýyna ýürekden buýsanýandyklaryny beýan etdiler. Bu saýlawlar döwlet bilen halkyň jebisligini ýene bir ýola ýüze çykardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-­nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar» diýip nygtady. 

Milli demokratiýanyň üstünlikli ösdürilýän, kanunçykaryjylyk işleriniň kämilleşdirilýän ýurdunda durmuş-­ykdysady ösüşleriň hem kämil ýaşaýyş şertlerine, halkyň bagtyýar durmuşyna tarap ugur alýandygy hemmelere mälim hakykatdyr. Ýurtda syýasy-­jemgyýetçilik durnuklylygynyň kanun esasynda üpjün edilip, döwlet bilen halkyň jebisliginiň gazanylmagy il-­ýurt bähbitli ösüş maksatnamalaryny dolulygyna ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Döwlet syýasatynyň döwre görä örän netijeli, öňdengörüjilikli alnyp barylmagy türkmen halkynyň durmuşyny, ýaşaýyş şertlerini bütinleý özgertdi. Ýyllarboýy halkyň durmuş tölegleriniň şol bir derejede, ujypsyz möçberlerde saklanmagy, harytlaryň, esasan­da, azyk harytlarynyň nyrhlarynyň elýeterliligi, şäherdir obalaryň gaz, elektrik togy, suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegi we beýleki durmuş zerurlyklaryna bolan islegleriň kanagatlandyrylmagy türkmen halkynyň bagtyýarlygyna, eşretli durmuşyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, durmuş kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy halkymyzyň ertirki güne ruhubelent garamagyny şertlendirýän ýagdaýdyr. 

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary adamlaryň ruhubelentligini, eziz Watanymyzyň ösüşlerine buýsanjyny, döwlet syýasatyna pugta ynamyny ýene bir gezek aýdyň görkezen waka boldy. Hajy Arkadagymyzyň “Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji aýynda Mary welaýatynyň ýaşululary, zähmet adamlary bilen didarlaşmagy ýurdumyzda höküm sürýän ynsanperwerlik, jebislik, agzybirlik ruhunyň ýüze çykmasy boldy. Halkyň pähim-­parasadyna uly sarpa goýýan, ýaşuly bolsun, ýaş kiçi bolsun, hemişe adamlaryň ýürek sözlerine, isleg­-arzuwlaryna uly üns berýän Gahryman Arkadagymyz kalbyndaky maksat­-niýetlerini adamlar bilen paýlaşýar, ýaşululara maslahat salyp, olaryň sözlerini diňleýär. Gahryman Arkadagymyz kyblasy Mälikguly aganyň, käbesi Ogulabat ejäniň we hemme öten­-geçenleriň ruhuna degsin edip, Gurbanguly hajy metjidinde aýat-­töwir okanda, öz mähribanlarynyň Oraza aýyna gabat gelýän belli günleriniň sadakasyny bermek barada ýaşululara sala salmagy­-da tüýs türkmençilik ýörelgelerini alamatlandyrdy. 

Iş sapary mahaly Milli Liderimiziň Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda çopan goşunda bolmagy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşykçylary bilen duşuşmagy Gahryman Arkadagymyzyň halk baradaky, ýurtda bagtyýar durmuşy üpjün etmek baradaky ýürekden çykýan aladasyna şaýatlyk edýän pursatlar bolup, hemmeleriň ýadynda galdy. 

Halk bilen häkimiýetiň bitewüligi, adamlar hakyndaky çynlakaý alada, anyk işler ähli rowaçlyklaryň kepili bolup, watandaşlarymyzy röwşen geljegiň täze belentliklerine ruhlandyrýar.

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

başlygy, Mejlisiň deputaty.