The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygar astynda taryhy ösüşlere beslenen 2023-nji ýylda bolup geçen şanly wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy biziň buýsanjymyzy, şatlygymyzy artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň röwşen geljegimiz bolan, eziz Watanymyzy öňümizdäki ýyllarda has-da uly ösüşlere eýe etmekde aýratyn uly ynam bildirilýän ýaş nesillere bagyşlanan ilkinji kitaby halkymyz tarapyndan uly höwes bilen garşylandy. Geçen ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlaryň döwletimiz tarapyndan uly aladalar bilen gurşalýandygynyň, olara belent ynam bildirilýändiginiň, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri, işlemekleri, döretmekleri, gurmaklary, dynç almaklary, ýokary aň-düşünjeli, ylym-bilimli, beden hem ruhy taýdan sagdyn, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşany bolup dabaralandy. Geçen ýylyň soňky günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz mähriban halkyna «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny peşgeş bermegi bu hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserinde ýaşlaryň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňişleýin beýan edilmegi bolsa, merdana nesillerimiziň döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna mynasyp jogap berýändikleriniň, bildirilýän belent ynamy ödeýändikleriniň aýdyň nyşanydyr.
Ajaýyp kitap milli edebiýatymyzyň altyn hazynasynda hem mynasyp orun aldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Bilşimiz ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda edebiýat düşünjesi we onuň bilen bagly garaýyşlar köpleri gyzyklandyryp gelipdir. Bu bolsa edebiýatyň zerurlygy bilen şertlendirilýär. Tebigy zehine we ösen aňyýete eýe bolan adamlaryň döredijiligi edebiýatyň baýlaşmagyna sebäp bolýar. Edebiýat adamlaryň medeniýetli, ösen aňly, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli bolup kemala gelmeklerine oňaýly täsir edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa edebiýatyň adamzadyň durmuşyndaky gymmaty we ähmiýeti has aýdyň duýulýar. Şonuň üçinem täze taryhy eýýamda edebiýatymyzyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuň mazmunly kitabynda: «Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyz deý aýawly saklamak mukaddes borjumyzdyr. Çünki edebiýat — halkymyzyň hakydasy- aňyýeti. Edebiýat halkymyzyň uzak eýýamlaryň dowamynda gazanan ar-namysy, lebiz-ygrarydyr, watansöýüjilik, dostluk, agzybirlik, ynsanperwerlik baradaky oý-pikirleriniň jemidir, ahlak päkligi, syýasy, etiki, estetik garaýyşlarynyň täzeçe ruhda şöhlelenmesidir» diýip bellemegi edebiýatyň ähmiýetine berlen örän ýokary bahadyr.
Diýmek, edebiýat ýagşylyga we gözellige özboluşly çagyryşdyr. Türkmen edebiýatynda halkymyzyň ruhy baýlygy, ösen aňyýeti, jemgyýetçilik durmuşy we türkmençilik ýörelgeleri jemlenýändir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitabyndaky «Edebiýat — watançylyk duýgularyň dabaralanmasy!» diýen sözleri ruhy döredijiligiň, ozaly bilen, watanperwerlikden başlanýandygyny öňe çykarýar. Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hem edebiýatymyzyň altyn hazynasyna giren ajaýyp eserdir. Döwlet Baştutanymyzyň ömürlerimizi bezeýän, göwünlerimizi gülledýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe,
bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň esasy
hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.