The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Watanymyzyň mukaddesligi, ýaşlaryň abraý-mertebesi barada söz açanymyzda, türkmen ýaşlarynyň kalbynyň iň gözel duýgulary, joşgunly owazlary bilen sazlaşyp, adaty sözler ajaýyp jümlelere öwrülýär. Çünki, biri-birine utgaşykly gelýän Watan we ýaşlar düşünjesi biziň durmuşymyzyň özeni, ýaşaýşymyzyň asyl manysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän bimöçber aladalary bolsa, belent maksatlarymyza joşgun, yhlasymyza ganatly ylham berip, buýsançly söhbetlere hemra edýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde bagtyýar ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamy äşgär etdi. Türkmen jemgyýetiniň kämilligiň ýoly bilen abadan geljegimize tarap gadamynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen ýaşlary üçin giň mümkinçilikleriň gapysyny açan ýyl hökmünde, taryhy wakalara we toýdur-baýramlara beslendi.
Bularyň anyk mysaly hökmünde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütin dünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bagtyýar ýaşlaryň ykbalynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara öwrüldi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçen ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň geçirilmegi ýaşlaryň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy.
Hawa, ata Watanymyzyň her bir güni bagtlylykdan nyşandyr. Bagtly günleriň şaýady bolýan günlerimiziň her bir pursaty bolsa, taryhy wakalara, şatlykly senelere baýdyr. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy boldy. Kitap - kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bu günki gün hem hormatly Prezidentimiz dünýäde diňe bir parasatly syýasatçy hökmünde däl, eýsem, özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriň awtory hökmünde hem giňden ykrar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu ajaýyp eseriniň her bir jümlesi biz — ýaşlaryň işlerinde nusgalyk gollanmadyr, kämil ýol-ýörelgedir.
Goý, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!
Maksat JANMYRADOW.
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty