​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
01.02.2024

YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygar bilen dabaralanýan 2024-nji ýyl ilkinji günlerinden uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurduň bähbidine gönükdirilen düýpli taslamalara badalga berilmegi, şanly özgerişlikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýa­kyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ar­ka­dag şäherin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy ger­man kom­pa­ni­ýa­la­rynyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da, şeý­le hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi­ni has-da kämilleş­dir­mek boýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da se­re­di­len me­se­le­ler, kes­git­le­ni­len we­zi­pe­ler ýur­dumyz­da ila­tyň sag­ly­gy, ýaş nes­liň bag­ty­ýar gel­je­gi ba­ra­da­ky me­se­lä­niň bir­jik-de üns­den dü­şü­ril­me­ýän­di­gi­ni su­but ed­ýär. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­lilik ýö­rel­ge­si­ni my­na­syp dowam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir­lik­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hem ösdürilýär. Özara gatnaşyklaryň çäginde türk­men-ger­man hyzmatdaşlygy hem işjeň­leş­di­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýurdu­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da dostlukly ýurduň meşhur kompa­ni­ýa­la­rynyň iň kä­mil, öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry giň­den ornaşdyrylýar. Ar­ka­dag şä­he­rin­de luk­mançy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek boýun­ça mas­la­hat be­riş hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ha­kyn­da gol çekilen Äht­na­ma­nyň iki ýur­duň ara­synda öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iler­let­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat etjekdi­gi ikuç­suz­dyr. Il-günüň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­la­ra ýug­ru­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi netije­sin­de bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy dün­ýä­niň iň ösen hil-de­re­je­le­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döwre­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş edara­la­ry­nyň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, şy­pa­ha­na­la­ryň durku­nyň düýp­li tä­ze­le­nilip, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi bu ul­gam­da ama­la aşyryl­ýan öz­gert­me­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­nasy­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler, geljekde ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty hem sagly­gy go­ra­ýyş eda­rala­ryn­da iş­le­riň gu­ra­ly­şy­ny, hal­ka edil­ýän hyz­ma­ty has-da kä­mil­leş­dir­mek­li­ge, sagly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň öz kes­bi­ne örän jo­gap­kär­li we tu­tan­ýer­li çe­me­leş­mek­le­rine ba­dal­ga ber­di. Çün­ki Gahryman Arka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek üçin asyl­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Halkyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýaş nes­liň bagty­ýar­ly­gyny gazanmak ba­ra­da­ky alada­lar çuň­ňur yn­san­per­wer­li­ge hem-de wa­tansö­ýü­ji­li­ge ýug­ru­lan be­ýik iş­ler­dir. 

Bu gün­ki gün il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­ri türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ryman Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň öz il-ul­su­ny mä­hir bi­len gurşap al­şyn­dan, hal­ky ha­kyn­da hos­sar­lyk ala­da edi­şin­den nus­ga al­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gy­jy bi­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­synyň dö­re­di­le­ni­ne he­niz kän wagt geç­me­dik bol­sa-da, asyl­ly mak­sa­da gö­nük­di­ri­len bu tu­tum giň ge­ri­me hem-de gyz­gyn gol­dawa eýe bol­mak bi­len, ça­ga­la­ryň, ola­ryň hos­sar­la­ry­nyň, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ne iň uly baý­ly­gy - sag­ly­gy, gel­je­ge bo­lan umy­dy ser­paý ýap­dy. 

Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy, ça­ga­la­ryň bagty­ýar­ly­gy, ýur­du­my­zyň berkarar­ly­gy we döw­rü­mi­ziň gal­kyn­ma­gy ba­ra­da ýa­dawsyz ala­da ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gymy­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag bolsun, ömür­le­ri­ne ömür go­şul­syn, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri mun­dan buýanada ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.