The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygar bilen dabaralanýan 2024-nji ýyl ilkinji günlerinden uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurduň bähbidine gönükdirilen düýpli taslamalara badalga berilmegi, şanly özgerişlikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça öňdebaryjy german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda seredilen meseleler, kesgitlenilen wezipeler ýurdumyzda ilatyň saglygy, ýaş nesliň bagtyýar geljegi baradaky meseläniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini subut edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamy hem ösdürilýär. Özara gatnaşyklaryň çäginde türkmen-german hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dostlukly ýurduň meşhur kompaniýalarynyň iň kämil, öňdebaryjy enjamlary giňden ornaşdyrylýar. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigi ikuçsuzdyr. Il-günüň saglygy baradaky aladalara ýugrulan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu günki gün ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň iň ösen hil-derejelerine ýetirilýär. Güneşli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, şypahanalaryň durkunyň düýpli täzelenilip, dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňünde durýan wezipeler, geljekde ýerine ýetirilmeli işler boýunça geçiren iş maslahaty hem saglygy goraýyş edaralarynda işleriň guralyşyny, halka edilýän hyzmaty has-da kämilleşdirmeklige, saglygy goraýyş işgärleriniň öz kesbine örän jogapkärli we tutanýerli çemeleşmeklerine badalga berdi. Çünki Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giň mümkinçilikleri döretmek üçin asylly işleri durmuşa geçirýär. Halkyň saglygyny goramak, ýaş nesliň bagtyýarlygyny gazanmak baradaky aladalar çuňňur ynsanperwerlige hem-de watansöýüjilige ýugrulan beýik işlerdir.
Bu günki gün ildeşlerimiziň her biri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öz il-ulsuny mähir bilen gurşap alşyndan, halky hakynda hossarlyk alada edişinden nusga alýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine heniz kän wagt geçmedik bolsa-da, asylly maksada gönükdirilen bu tutum giň gerime hem-de gyzgyn goldawa eýe bolmak bilen, çagalaryň, olaryň hossarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň ýüzlerçesine iň uly baýlygy - saglygy, geljege bolan umydy serpaý ýapdy.
Halkymyzyň saglygy, çagalaryň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň berkararlygy we döwrümiziň galkynmagy barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürlerine ömür goşulsyn, il-ýurt bähbitli işleri mundan buýanada rowaçlyklara beslensin!
Züleýha JORAÝEWA,
Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.