The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýurdumyzda milli döwletliligi galkyndyrmak, raýat jemgyýetini berkarar etmek nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Häzirki dünýäniň gün tertibinde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygy berkitmek umumy häsiýetli mesele hasaplanyp, Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli syýasy, ykdysady ulgamlaryny öz içine alýan milli maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň, strategik we ylmy taýdan çemeleşmek, öňdengörüjilik ýaly belent şahsy häsiýetleriniň aýdyň şöhlelenmesidir. Bu nusgalyk ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrebap ruhda döredijilikli dowam edýär. Şeýle tutumly ösüşler türkmen jemgyýetinde her bir adama öňde goýlan maksatlara ýetmek işlerine öz başlangyçlary bilen işjeň gatnaşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge mümkinçilik döredýär.
Häzirki döwürde hukuk gatnaşyklarynyň mazmunynyň döwrebaplaşmagy, hususan-da, demokratik häsiýetlilik bilen ösmegi dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň kanunçykaryjylyk tejribesine-de oňyn täsir edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwer, umumy ykrar edilen halkara däplere eýerilip, demokratik ýörelgelerimiz döwrüň talabyna görä işjeňleşýär. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendiginiň mysalynda açyk göz ýetirýäris. Erkinlik we açyklyk ýagdaýynda geçen saýlawlara raýatlaryň 91,12 göteriminiň gatnaşmagy (saýlanan deputatlaryň 25,60 göterimi zenanlar, 99 göterime golaýy ýokary bilimli, 10 göterime golaýynyň ýaşy 30-a çenli, 40,80 göteriminiň ýaşy 40-a çenli raýatlardyr) iri syýasy-jemgyýetçilik çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini görkezdi. Şeýle depgindäki demokratik däpler döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we onuň düzümini tassyklamak meselelerinde-de öz beýanyny tapdy.
Maslahatda Arkadagly Serdarymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli gymmatlyklaryny, şeýle hem täzeçillikleri çelgi edinip, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze, rejelenen görnüşini taýýarlamak, Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky we beýleki kodekslere üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça işleriň amala aşyrylmagynyň zerurlygyna ähmiýet berdi. Bu wezipeler bilen bir hatarda, Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, bu babatda gatnaşyklary kämilleşdirmek we iş şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýykdygy nygtaldy. HZG-niň esasy wezipeleri bolan, durmuş-zähmet meselelerini çözmäge gönükdirilen, gatnaşyjy döwletlerde işgärleriň durmuş şertlerini we üpjünçiligini ösdürmek, zähmet hukuklaryny goramak çäreleri häzirki döwürde ýurdumyzda işjeň dowam edýär. Guramanyň hödürnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň çäklerinde bilermenleriň we degişliligi boýunça dürli pudaklaryň, harby-hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet kanunçylygy kämilleşdirilýär.
Milli Liderimiz geçen ýyl Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Ýurdumyzda gazanylýan her bir ösüş milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň esasynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzy birnäçe gezek kämilleşdirip, döwlet häkimiýet edaralarynyň kämil ulgamlaryny emele getirdik» diýip nygtady. Munuň özi Mejlisiň deputatlaryna bildirilen uly ynamdyr. Şunuň bilen birlikde, täze kabul edilýän kanunlaryň, geçirilýän özgertmeleriň işjeňlik häsiýetini yzygiderli ýokarlandyrmagyň ähmiýetine üns çekilmegidir. Gahryman Arkadagymyz Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde durýan wezipelere aýratyn ähmiýet berdi. Olaryň hatarynda, birinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze agzalarynyň öz işini döwrüň talabyna laýyk guramagy üçin Mejlisiň olara ýardam berip durmalydygy, okuw maslahatlaryny gurap, degişli kanunçylyk namalary barada giňişleýin okuwlary geçirmelidigi bellenildi. Ikinjiden, Mejlisiň deputatlarynyň häkimiýetiň ýerli wekilçilikli edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda bolup, ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmalydygyna, şeýle pikir alyşmalaryň hereket edýän kanunçylygymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmekde peýdaly maglumatlary almaga ýardam berjekdigine üns çekildi. Üçünjiden, Mejlisiň deputatlarynyň döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmelidigi, halkara tejribeden ugur alyp, kanunçylyk namalarymyzy yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmelidigi dogrusynda anyk wezipeler kesgitlendi.
Geçen ýyl Mejlisiň Ýaş parlamentariler topary döredildi. Topar tassyklanan Düzgünnama laýyklykda, öz işini agzalarynyň deňligi ýörelgesi esasynda, jemgyýetçilik başlangyçlarynda amala aşyrýar. Onuň çözgütleri maslahat beriji häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Topar öz işinde Türkmenistanyň Mejlisinde ýaş parlamentarileriň başlangyçlaryny açyp görkezmek üçin şertleriň döredilmegine, ýaş raýatlaryň hukuk we syýasy medeniýetiniň kemala getirilmegine, ýaşlaryň döredijilik, raýatlyk işjeňliginiň ösdürilmegine ýardam etmek, ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bilen bagly maksatlary göz öňünde tutýar. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin Mejlis dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkidýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda bu ugurda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň, zenan parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak üçin hyzmatdaşlygyň täzeçe iş usullarynda ýola goýulmagyna giň şertler döredilýär. Bu bolsa geljekde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, şol sanda ýaş parlamentarileriň öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmagyna giň mümkinçilikleri döreder.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni.