The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

10.02.2024

«DILE GELEN SÖZLER KÖŇÜL NAGŞYDYR...»

 

Tebigatyň her bir gözelligi ynsanda aýratyn täsir galdyrýar. Deňizler, derýalar, daglar, jülgeler, sähralar, guş-gumrular, janly-jandarlar... Adamzat aňynyň kämillik ýolunda ylym ösüp, şeýle bir derejä ýetdi welin, ähli zat her kime elýeterli boldy diýen ýaly. Häzirki döwürde haýsy ummanyň nirede ýerleşýändigini dünýä kartasyna bakyp bilip bolýar. Oňa seredip, äpet daglaryň, ymgyr çölleriň, çuň kölleriň, çasly akýan derýadyr çaýlaryň, al-elwan reňkli sähralaryň nirede ýerleşýändigini, ol ýerlere nähili baryp bolýandygyny anyklamak mümkin. Ummanlaryň goýny genji-hazynalara, dürli ösümlik we janly-jandarlara baýdyr. Emma geografik kartalarynda görkezilmedik, aslynda, ol kartalara sygmajak ýene bir umman bar. Ol hem pähim-paýhas ummanydyr, Magtymguly Pyragynyň dünýäsidir. Gahryman Arkadagymyz Magtymgulynyň şahyrana döredijiligini pähim-paýhas ummanyna deňeýär.

Magtymguly Pyragy halkymyzyň köňlünde sözden bina galdyran beýik şahsyýet. Indi onuň hut özi bu barlygyň dürli künjeklerinde binalara, heýkellere kitaplara öwrülip, jahany synlap dur, seýil edip ýör. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, bu günki günde ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde Köpetdagyň etegindäki belent baýryň üstünde ýerleşip, gurluşygy tamamlanyp barýan Magtymguly Pyragynyň heýkeli uzaklardan seleňläp görünýär. 

Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi bir görseň, düşnükli ýaly, bir görseňem çuňlugy bilen seni manylaryň düýpsüz deňzine oklaýan ýaly. Onuň döredijiligi hem syrlylygy bilen, hem aýan-aýdyňlygy bilen özüne bendi edýär. Düşnükli hem syrly setirlerden ybarat bolan duýgulara gaplanýarsyň. Çünki şahyryň goşgularynda hemme zat bar. Olarda Zeminiň ýedi yklymy, Asmanyň ýedi gatlagy, on sekiz müň älem, ösümlik, haýwanat we adamzat dünýäsi beýan edilýär. Asman-Zemin arasy, Älem-jahanyň bary bir kitaba sygdyrylan ýaly göz öňüňe gelýär. Has täsin ýeri-de, bu sözleriň, setirleriň, şygyrlaryň her biri hakynda uzyn-uzyn söhbetleri edip bolýar. Magtymgulynyň goşgularyny çagalar okasa-da, ýaşlar okasa-da, ulular we gartaşanlar okasa-da, hemişe ähmiýetli, hiç wagt täsirini ýitirenok. Her gezek gaýtadan okanyňda, ilkinji gezek okaýan ýaly täsir edýär. Ol setirler durmuşyň dürli döwürlerinde göwnüňe goltgy, synaňa söýget bolup hyzmat edýär. 

Parasatly Pyragy her sözüni çuňňur manylar bilen bezäp, ýüreklerde orun aldy. Söz — ynsanyň ruhuna täsir edýän ilkinji keramatlaryň biri. Sözüň gadyr-gymmaty, keramaty hakynda hem köp ýazgylar meşhurdyr. Akyldar şahyryň goşgularynda ol şeýle setirleriň üsti bilen beýan edilýär: 

 

Okatdylar, hak sözledim sözümi, 

«Segsen müň kelamy beýan» diýdiler. 

* * *

Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle... 

* * *

Sözle, sözüň ýaýylsyn bu ýagşy-ýaman içre...

* * *

Sözläbilseň ýagşy sözle, 

Halk ýamanyň bizarydyr. 

* * *

Sözlegende söz manysyn bilmeýen, 

Andan kibir gepläp bilmez lal ýagşy. 

 

* * *

Aklyň bolsa, märekede az sözle, 

Köp söz seni il içinde har eýlär. 

 

Magtymguly Pyragy bize üstünlikleriň gönezligi bolan maksada okgunlylyk, halal zähmet çekmek, yhlaslylyk dogrusynda hem ummasyz paýhas hazynalaryny goýup gidipdir. Şol hazyna dürdäne sözler bilen bezelip, setirlere siňdirilipdir welin, olar edil gyzgyn çaýyň içinde eräp giden şeker ýaly, göze görünmese-de, tagamy bildirip dur. 

Magtymguly Pyragy her bir ynsanyň öz niýet-pälini dogry-düzüw tutmalydygyny şeýle goşgy setirleriniň üsti bilen aýratyn nygtaýar: 

 

Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr. 

* * *

Ýagşy tutawergil niýetiň-päliň...

* * *

Yhlas bilen bir kämile gol beren, 

Ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz. 

 

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzda şeýle bir pähim bar: «Azygyňa görä, gurbat gelýär. Niýetiňe görä, gaýrat gelýär. Ynamyňa görä, kuwwat gelýär. Yhlasyňa görä, üstünlik gelýär» diýýär. Bu pähimler bizi her bir işe çemeleşenimizde nähili pikirlerden ugur almalydygymyzy ündeýär. Mahlasy, Magtymguly Pyragynyň belli-belli setirleri däl, eýsem, eserleri tutuşlygyna durmuş mekdebidir. Şahyryň döredijiliginde wagtyňy tygşytly peýdalanmak, işiňe yhlasly ýapyşmak, ýadawlygy ýada salman zähmet çekmek ýaly düşünjeler şeýle beýan edilýär: 

 

Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil, 

Ne bar, manysyz söz uzamak bilen! 

 

* * *

Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy... 

 

Şeýle baý hazynanyň mirasdüşerleri bolmak uly bagt. Beýik maksatlara, asylly işlere ruhlandyrýan Magtymguly Pyragynyň her bir jümlesi has giňişleýin we çuňňur düşündirilmäge mynasyp. Şonuň üçinem akyldar şahyrymyzyň döredijiligi umumadamzat gymmatlygydyr. Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçiler. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň döredilmegi akyldar şahyra aýratyn hormatdan hem-de beýik sarpadan nyşan. 

Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen Magtymgulynyň şygyrlaryna, filosofiýasyna, umuman, beýik şahyryň medeni mirasyna hormat goýmak, ony dabaralandyrmak halkyň beýikliginden nyşandyr. Goşgulary türkmen halkynyň kalbynyň aýdymyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny beýgeltmek we onuň wagyz edilmegini ýola goýmak işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has-da rowaçlanýar. 

Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde adamzadyň müdimi gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, türkmen edebiýatyny dünýä çykaran ynsanperwer şahyrdyr. Olaryň aýdyň şöhlelenmesi bu gün Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylykly syýasatynda we dostlukly halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. Muny: 

Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna, 

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy 

— diýip, Gahryman Arkadagymyz ussatlyk bilen beýan edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu aýdanlaryny özbek şahyry Bahadyr Karimow hem: 

 

Magtymguly — derýa çaýy türkmeniň,

Gökde dogan parlak Aýy türkmeniň — 

 

diýip tassyklaýar. 

Magtymgula düşünmekde, şahyryň sarpasyny Arşyň deňinde belentde tutmakda biziň ählimize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň gymmatyny, olarda beýan edilýän pikirleriň agramyny hiç bir zat bilen ölçäp bilmeris. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly kitaplarynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda şahyryň döredijiligine goýulýan sarpa mizemezdir. Şeýle ajaýyp eserler bize akyldaryň dünýäsine çuňňur aralaşmaga ýol açýar. Şeýle ajaýyp eserleri halkymyza sowgat edip, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligine dünýä ýüzüniň ünsüni çekýän, bizi döredijilikli işlere ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli beýik maksatlary myrat tapsyn! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.