The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

15.02.2024

DEMOKRATIK GYMMATLYKLARY SARPALAP

 

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini saklamak, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ýaly möhüm wezipeler bilen birlikde, demokratik gymmatlyklary goramak, ösdürmek babatdaky tagallalar hem ileri tutulýar. Döwrebap kanunlary taýýarlamak, üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly käbirini kämilleşdirmek, durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýlelikde, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýady berkidilýär, döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. 

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk dowamly ösdürilýär. Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar öňe sürülýär. Olar esasynda BMG-­niň Baş Assambleýasynda möhüm Kararnamalar kabul edilýär. Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary, dünýä döwletleri bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, dürli görnüşdäki gatnaşyklary giňeldýär. Şunda ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň aýratyn işjeňlige eýe bolýandygyny bellemek gerek. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde dürli ýurtlaryň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip durulýar. Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlarynyň daşary ýurtlara iş saparlary guralýar. Olar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça abraýly halkara guramalar bilen bilelikde geçirilýän okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde deputatlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň syýasy­-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-­nesihat etmekde­-de yzygiderli işleri alyp barýarlar. 

Ýurdumyzda kanunçylygy pugtalandyrmakda alnyp barylýan netijeli işler jemgyýetimizde gender deňligini üpjün etmäge, bu ugurdaky demokratik ýörelgeleri mundan beýläk­de ilerletmäge hem degişlidir. Zenanlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamynyň kemala getirilmegi netijesinde, ýaş maşgalalar döwlet hem­-de jemgyýetçilik goldawyna eýe boldular. Ýaş hünärmenleriň, şol sanda zenanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, bilim, dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, eneligi we çagalygy goramak, maşgalalary goldamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler halkara ykrarnama, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna eýe bolýar. Ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşy bolan Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-­nji maslahatynyň çäklerinde geçen ýyl Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin bu maksatnamanyň medalynyň, degişli güwänamasynyň gowşurylandygy­da muny tassyklaýar. Zenan işewürleriň Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçirilen forumynda gender deňligini, jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmekde ýokary netijeleri görkezendigi üçin ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine abraýly baýragyň gowşurylandygy­da aýdanlarymyza güwä geçýär. Şeýle mysallary başga­da getirip bolar. 

Ýurdumyzda zenanlara zerur bolan ähli ýeňillikler döredilýär. Döwrüň eşretlerinden peýdalanyp, mynasyp ýaşamagy, bilimdir hünärini kämilleşdirmegi, döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertler döredilýär. Kanunçylyk esasynda üpjün edilýän gender deňligi olaryň bagtly, rahat durmuşy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Zenanlar durmuşyň ähli ugurlarynda — döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde, ýagny kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar. Döredijiligiň dürli görnüşlerinde öz ukyp­-başarnyklaryny görkezýärler. Mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmäge, dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli, köpugurly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde hünär, başarnyk, zehin eýeleri bolan zenanlar mynasyp orun eýeleýärler. 

Biziň döwletli döwranymyz bar. Adalatyň tuguny belende göterýän berkarar döwletimiziň saýasynda gül açýan durmuşymyz bar. Ajaýyp döwrüň gadyryny bilip, yhlasly zähmet çekip, rowaçlyklara öz goşandymyzy goşmak her birimiz üçin parzdyr. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.