The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.02.2024

GIŇ GERIMLI HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Türkmenistan energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýip nygtamak bilen, bu ugurdaky işlerde ösüşlerimiziň täze sepgitlerini nazarlaýan wezipeleri kesgitledi. 

Milli ösüş maksatnamalarynyň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine hem-de howanyň üýtgemegi baradaky strategiýalaryna doly kybap gelýär. Türkmenistan döwletimiz uglewodorodyň uly gorlaryna eýe bolan, şol sanda pes uglerodly energiýa çeşmesi hasaplanylýan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek, içerki zerurlygy üpjün etmek bilen olaryň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly dünýä bazaryna çykarmak bilen, bagly işler netijeli alnyp barylýar. 

Ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň esasy hukuk binýady bolup çykyş edýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda daşky gurşawy hapalaýjy maddalardan goramak, ugleturşy gazyň zyňyndylaryny azaltmak we olara gözegçilik etmek bilen bagly birnäçe kadalar öz beýanyny tapýar. 

2021-nji ýylda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagynyň çygryny giňeltmek hem-de energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga amatly şertleri döredýän hukuk binýady döredildi. 

2019-njy ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşi degişli ugurda alnyp barylmaly işleriň zerur hukuk guramaçylyk we tehnologik şertlerini üpjün etmek bilen ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmek üçin uýgunlaşma çäreleriniň sanawyny düýpli giňeltmäge hyzmat edýär. 

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan-da, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda gol çeken Karary esasynda «Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary» döredildi, şeýle hem pudagara toparyň düzümi we bu topar hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-njy iýunynda daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen Karar esasynda, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. 

Ýurdumyz özünde öndürilýän önümleriň halkara bazarlaryna howa, deňiz, demir we awtomobil ulag ýollary arkaly howpsuz we ygtybarly ýetirilmegi üçin amatly şertleri döretmek babatda halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde döwrebap işleri durmuşa geçirýär. Dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň maksadalaýyk giňeldilmegine we kämilleşdirilmegine, onuň hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilmegine hem oňyn täsir edýär. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň dowamynda geçen maslahatlarynda 1986-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Wena şäherinde kabul edilen «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa» goşulmak hakynda», 1986-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Wena şäherinde kabul edilen «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa» goşulmak hakynda», şeýle hem 2001-nji ýylyň 23-nji martynda London şäherinde kabul edilen «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýasyna» goşulmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Ýurdumyzyň bu konwensiýalara goşulmagy daşky gurşawy goramakda bu resminamalara gatnaşyjy döwletler bilen hyzmatdaşlygyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyna oňyn täsir eder. 

Türkmenistan döwletimiziň milli derejede we halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmany netijeli guramak hem-de bütin dünýäde adamzadyň amatly şertlerde ýaşamagy babatda sebit we ählumumy derejede tagallalaryň utgaşdyrylmagyna we oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. 

 

Merdan TUWAKOW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň agzasy