The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Geçmişde ösen medeni ojaklaryň biri hökmünde at alyp, giňden tanalan Türkmenistanda dünýä halklarynyň medeniýetlerine, adamzadyň medeni-ruhy taýdan galkynmagyna uly täsir eden hem-de aň-düşünjäniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda ähmiýetli hyzmatlary bitiren şahsyýetleriň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, ony halkara giňişlikde wagyz etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly tagallalary bilen türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly döredijiligini sarpalamakda bitirilýän işler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň sähralyklaryndan we çöllerinden, daglaryndan hem-de düzlüklerinden, derýalaryndan we deňizlerinden, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ylham alan hem-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardyr, halkymyzyň milli şahyrydyr. Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» we «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserlerinde döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän gelýän Magtymguly Pyragynyň döredijiligine örän ýokary baha berýär.
Edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet gurmak, türkmen halkynyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakyndaky arzyly arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde amala aşyrylýandygy bizi örän buýsandyrýar. 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şahyryň sarpasyny has-da belende göterdi.
Ata Watanymyzda milli medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň hem-de halkara giňişlikde wagyz etmegiň kanunçylyk binýadyny berkitmek ugrunda yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, Esasy Kanunymyzdaky döwletiň çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýändigi we medeniýet babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýändigi, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydygy we borçludygy barada beýan edilen konstitusion kadalar möhüm ähmiýete eýedir.
Bu günki günde halkymyzyň milli medeniýeti we sungaty Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy bilen bir bitewülige öwrüldi. Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli mirasyň genji-hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny arşa göterip, diňe bir milli däl, eýsem dünýä medeniýetiniň hem genji-hazynasyna öwrüldi. Şahyryň şygyrlarynyň türk, rus, iňlis, gruzin, özbek, täjik, ukrain, belarus, arap, ermeni, gazak, hytaý, rumyn, ýapon we beýleki dillere terjime edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, onuň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şol tabşyrykdan ugur alnyp, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we onuň Düzgünnamasy we Ýazgysy tassyklandy. Bu medal Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.
«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde aýratyn hyzmatlary bitiren raýatlarymyzyň sylaglanylýandygy beýan edildi. Şeýle-de Türkmenistan bilen medeni we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary görkezen daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem bu medal bilen sylaglanylýandygy görkezildi.
Ýubileý medaly Magtymguly Pyragynyň döredijiligini geljekde has-da şöhratlandyrmakda we onuň adyny ebedileşdirmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar.
Ýusupguly EŞŞÄÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.