The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça meýilnamalaýyn esasda ylmy-amaly maslahatlar, dabaraly çäreler, onuň edebi mirasyny wagyz etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Akyldar şahyrymyzy sarpalamak, onuň mertebesini belentde tutmak, bu babatdaky işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça hem degişli işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň giňden bellenilen 2014-nji ýylda hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly döredildi hem-de türkmen medeniýetini ösdürmäge, nusgawy şahyryň döredijilik mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge we wagyz etmäge saldamly goşant goşýan raýatlar sylaglanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada degişli işler geçirildi.
2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi akyldaryň bütin adamzadyň genji hazynasyna öwrülen baý medeni mirasyny we bu şanly senäni dabaralandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy.
Bu Kanunyň kabul edilmegi asyrdan asyra, nesilden-nesle geçip gelýän medeni mirasymyzy ösdürmek, dünýä giňişliginde wagyz etmek hem-de geljekki nesillerimize geçirmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nusgalyk derejede dowam etdirilýändiginiň, şonuň ýaly-da ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.
Şu nukdaýnazardan Esasy Kanunymyzda döwletiň çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýändigi we medeniýet babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýändigi hem-de ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydygy we borçludygy barada beýan edilen Konstitusion kadalaryň hem möhüm ähmiýetini bellemek gerek.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň geljekki nesillere miras galdyran şahyrana hazynasyna belent sarpanyň nyşany bolan bu Kanun bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny dikeltmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda we geljek nesillere ýetirmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlarynyň sylaglanylýandygy beýan edildi.
Şonuň ýaly-da, Kanunda Türkmenistan bilen medeni we beýleki dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary görkezen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylyp bilinýändigi görkezildi.
Gadymy siwilizasiýalaryň we adamzat medeniýetiniň kemala gelen ýerleriniň biri bolan mukaddes türkmen topragynyň bu günki gülläp ösmeginiň binýadynda duran Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary, bu işleri mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasa esaslanan we ata-babalarymyzyň parasadyna ýugrulan syýasatynyň rowaç almagy raýatlarymyzy hyjuwly zähmete we täze ösüşlere ruhlandyrýar.
Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary