​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
24.02.2024

SAGDYN JEMGYÝET — BERKARAR DÖWLET

 

Be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň aba­dan­çy­ly­gyn­da, döw­letiň gülläp ösü­şin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Ýur­du­myz­da hem nu­ra­na geljegi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan ýaş nes­liň be­den we ru­hy taý­dan kä­mil­li­gi­ni ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin be­denter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ra­ýat­la­ryň dur­mu­şy­nyň hi­li­ni ýokarlandyrma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge, hal­ka­ra sport ýaryş­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len maksatnama­la­ýyn iş­le­ri öz içi­ne al­ýar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr» diýen jümlelerde ýurdumyzda işjeň ösdürilýän bedenterbiýe we sport hereketiniň baş maksady öz beýanyny tapýar. 

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda giň gerimli hem-de anyk maksada gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi oňyn netije berýär. Iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatarynyň artmagyna itergi berýär. Paýtagtymyz Aşgabatda soňky ýyllarda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlaryň tejribesi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Şol ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleri ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň kalbyna ylham berdi. Ýurdumyzda döredilen giň gerimli mümkinçilikler bolsa bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ýardam edýär. 

Halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň abadan geljegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri rowaçlyga beslensin! 

 

Be­genç­gel­di BAÝ­RAM­MY­RA­DOW, 

TSTP-niň Ahal we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty