Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň abadançylygynda, döwletiň gülläp ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda hem nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmak üçin köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ösdürilýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleri öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr» diýen jümlelerde ýurdumyzda işjeň ösdürilýän bedenterbiýe we sport hereketiniň baş maksady öz beýanyny tapýar.
Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda giň gerimli hem-de anyk maksada gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi oňyn netije berýär. Iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatarynyň artmagyna itergi berýär. Paýtagtymyz Aşgabatda soňky ýyllarda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlaryň tejribesi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Şol ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleri ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň kalbyna ylham berdi. Ýurdumyzda döredilen giň gerimli mümkinçilikler bolsa bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ýardam edýär.
Halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň abadan geljegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri rowaçlyga beslensin!
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty