The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler we olary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilip, bu gaznanyň hasabyna birnäçe sogaply işleriň amala aşyrylandygyny bellemek bolsa has-da buýsançlydyr. Ýagşylyk etmek, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, mätäje goldaw bermek ýaly ýörelgeler türkmeniň ganyna, ruhuna siňen ýörelgelerdir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda bir adama ýagşylyk etseň, mätäje goldaw berseň, halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlasaň, öýüň rysgalynyň, berekediniň artýandygyny beýan edýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz şol kitabynda: «Ata-baba asylly ýörelgelerimizde haýyr-yhsan etmek, başardygyňdan sahawatly bolmak maşgala agzybirligini, işleriň öňe ilerlemegini üpjün edýän, hatda göz-dilden, howp-hatardan, bela-beterden goraýan iň netijeli ýol hasaplanylýar» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Gowy häsiýetleriň içinde hem iň gowularynyň biri ýagşylyk etmek, birini begendirip bilmekdir» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz müňlerçe çagalary we olaryň maşgalalaryny begendirýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygy dikeldilýär, dürli görnüşli operasiýalar şowly geçirilýär. Bu günki gün şol çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ynsanperwerlik, mätäje goldaw bermek, ejiziň arkasynda durmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere ýaşlaryň ygrarly bolmalydygy barada Gahryman Arkadagymyz özüniň taryhy çykyşlarynda hemişe nygtaýar. Bu barada ýaşlara gymmatly maslahatlaryny berýär.
Gaznanyň ýanynda ýaşulular geňeşiniň döredilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur» diýip belleýär. Hakykatdan-da, häzirki döwürde ýaşlarymyz ýaşuly nesliň pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly maslahatlaryny baýdak edinip, döwrebap pikirlenip, döwre görä täzeçil pikirleri öňe sürüp, Watanymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşýar.
Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanperwerlik syýasatyny durmuşa geçirmekde, haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmekde giň gerimli işleri amala aşyrýar. Şol haýyrly, sogaply işleri durmuşa geçirmekde bitiren beýik işleri üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Bu bolsa geljekde-de haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň has-da ilerlejekdigini, onuň hasabyna birnäçe haýyrly işleriň amala aşyryljakdygyny aýdyň görkezýär.
Biz hem Mejlisiň deputatlary bolup, milli kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini halkyň arasynda wagyz etmekde hem-de ony dünýä ýaýmakda öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Çemen AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny
goramak baradaky komitetiniň agzasy