The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.09.2023

ELEKTROENERGETIKA PUDAGYNYŇ GADAMLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ösüşine täze mümkinçilikleri açýar. 

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biridir. Bu pudagyň çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegi beýleki pudaklaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem ýurt Baştutanymyz elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegine uly üns berip, bu babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar künjeginde kämil tehnologiýaly täze elektrik stansiýalarynyň birnäçesi gurlup, ulanmaga berildi. Şolaryň ikisi türkmen energetikasynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-iniň senagat zolagynda işe girizildi. Olaryň biri kuwwaty 149,2 megawat bolan gaz turbina elektrik stansiýasydyr. Beýlekisi bolsa, kuwwaty 1574 megawata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasydyr. Soňky ýatlan elektrik stansiýamyz diňe bir sebitde iri elektrik stansiýasy bolmak bilen çäklenmän, onuň ykdysady tygşytlylygy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi bilen tapawutlanýandygyny ýatlamalydyrys. Bu desga innowasion, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, onuň işe girizilmegi elektrik energiýasyna ýyl saýyn ösýän islegi has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary üçin ýatdan çykmajak ýyl bolar. Sebäbi, şu okuw ýylynyň ilkinji günlerinde ýokary okuw mekdebimiziň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça döwrebap okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň, şeýle hem aýlawly ýolda monumentiň gurluşygyna badalga berildi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar barada edýän aladalarynyň anyk işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

Ösüşli-özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýan pudak üçin ýaş hünärmenleri ýetişdirmek möhüm wezipe. Şu wezipeden ugur alnyp, institutymyzda geljekki energetikleri taýýarlamakda uly işler bitirilýär. Çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmaly, ýokary taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmegiň bolsa, jogapkärçiligi ýokary bolýar. Biz şeýle wezipä hötde gelmäge-de çalyşýarys. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

TDEI-niň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.