Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen, Türkmenistanyň Prezidentiniň derwaýys başlangyçlaryndan gelip çykýan, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan daşary syýasatyň ösdürilmeginde ileri tutulýan uzak-möhletleýin we gysga möhletleýin maksatlaryň hem-de wezipeleriň nazarda tutulmagynda hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Mejlisinde gibrid görnüşinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly ilkinji duşuşygy geçirildi.
Bitaraplygyň dostlary topary 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredildi. Bu topar Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär. Bu köp taraply dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda durnukly syýasy diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilen. Häzirki wagtda BMG-niň 20-den gowrak agzasy bu topara goşuldy.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dünýäde giň goldawa eýe bolýan Bitaraplygyň dostlary toparyna agza döwletleriň parlament wekillerini ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, köptaraplaýyn netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde toplan tejribesi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem, döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakdan, parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde hyzmatdaş ýurtlar bilen özara pikir alyşmakdan, ýola goýlan gatnaşyklaryň täze gurallaryny işläp düzmekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Parlamentara Bileleşiginiň Baş Sekretarynyň (wideoýüzlenme), GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň (wideoýüzlenme), Gana Respublikasynyň parlamentiniň, ŞriLanka Demokratik Respublikasynyň parlamentiniň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň (wideoýüzlenme), Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň, Marokko Patyşalygynyň Wekiller Palatasynyň, Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň, Gazagystan Respublikasynyň parlamentiniň, Parlamentara Bileleşiginiň parlamentler bilen işlemek we daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary hem-de wideoýüzlenmeleri diňlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Jemleýji resminama kabul edildi. Bu resminamada Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynyň parlament hyzmatdaşlygyny ilerletmekde möhüm orny bellenildi, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we dialogy berkitmek işine tagallalary we goşandy aýratyn nygtaldy.
Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara
aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy