Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.03.2024

PARAHATÇYLYGY BERKITMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM ORNY

 

Türk­me­nis­tan «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­menis­ta­ny 2022­ –­ 2052-­nji ýyl­lar­da durmuş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen, Türk­me­nis­ta­nyň Prezi­den­ti­niň der­waýys baş­lan­gyç­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan, Türkmenistanyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyndan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň ös­dü­ril­me­ginde ile­ri tu­tul­ýan uzak­-möh­let­le­ýin we gys­ga­ möh­let­le­ýin mak­sat­la­ryň hem-de we­zi­pe­le­riň na­zar­da tu­tul­ma­gyn­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, deňhukuk­lylyk we bi­rek­-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýörelge­le­ri­ne esas­lanýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy alyp barýar. Şu­nuň bilen bag­ly­lyk­da, go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de gib­rid gör­nü­şin­de Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry topa­ry­na ag­za ýurt­la­ryň par­la­ment­le­riniň ýolbaşçy­la­ry­nyň «Pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy ber­kit­mek­de par­la­ment hyz­mat­daş­ly­gy­nyň or­ny» at­ly il­kin­ji du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.

 Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry 2020­-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Türkme­nis­tanyň­­ baş­lan­gy­jy bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne dö­re­dil­di. Bu to­par Bir­le­şen Mil­let­ler Gurama­sy­na ag­za döw­let­lere se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de hyzmatdaşlygyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça oňyn pi­kir alyş­mak üçin mümkin­çilik dö­red­ýär. Bu köp ­ta­rap­ly dia­lo­gyň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän duşu­şyk­lar hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da Bi­tarap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni öňe iler­let­mek, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suzly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pugta­lan­dyr­mak babatda dur­nuk­ly­­ sy­ýasy ­dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ry iş­läp taý­ýar­lama­ga ýardam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len. Hä­zir­ki wagt­da BMG­-niň 20­-den gowrak ag­za­sy bu to­pa­ra go­şul­dy.

 Du­şu­şy­gyň­ esa­sy­ mak­sa­dy­ Türkme­nis­ta­nyň­ baş­lan­gy­jy­ bo­ýun­ça BMG-­niň­ çäk­le­rin­de ­pa­ra­hat­çy­ly­gyň,­ howp­suz­ly­gyň­ we­ dur­nuk­ly­ ösü­şiň bäh­bi­di­ne­ dün­ýä­de­ giň­ gol­da­wa­ eýe bol­ýan­ Bi­ta­rap­ly­gyň­ dost­la­ry­ topary­na ­ag­za ­döw­let­le­riň ­par­la­ment­ wekil­le­ri­ni­ ýur­du­my­zyň­ parahatçylygy we­ howp­suz­ly­gy­ üp­jün­ et­mek­de,­ köp­ta­rap­la­ýyn­ ne­ti­je­li,­ deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­dür­mek­de­ top­lan tej­ri­be­si­ bi­len­ tanyşdyrmak­dan,­ şeýle­ hem,­ döw­le­ti­mi­ziň­ yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny­ parla­ment­ dip­lo­ma­ti­ýasy­nyň ­üs­ti­ bi­len­ gol­da­mak­dan, ­pa­rahat­çy­lyk­ döredi­ji­lik­ müm­kin­çi­lik­le­rini­ dur­mu­şa­ ge­çir­mek­de­ hyz­mat­daş ýurt­lar­ bilen ­öza­ra ­pi­kir­ alyş­mak­dan,­ ýo­la ­goý­lan ­gat­na­şyk­la­ryň­ tä­ze­ gurallaryny ­iş­läp­ düz­mek­den ­yba­rat­ bol­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da BMG-­niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­loma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy­nyň, BMG-­niň Türk­me­nistan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy­nyň, Par­la­men­ta­ra Bileleşigi­niň Baş Sek­reta­ry­nyň (wi­deo­ýüz­len­me), GDA-­nyň Parlamenta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň Geňe­şi­niň baş­ly­gy we Rus­si­ýa Federasiýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­dera­si­ýa Ge­ňe­şi­niň başlygynyň, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Ýyg­na­gy­nyň Res­pub­li­ka Ge­ňe­şi­niň, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Halk We­kil­le­ri­niň Äh­li­hy­taý Ýyg­na­gy­nyň he­mi­şe­lik komi­te­ti­niň (wi­deo­ýüz­len­me), Ga­na Respublikasy­nyň par­la­men­ti­niň, ŞriLan­ka De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­men­ti­niň, Öz­be­gis­tan Res­publi­ka­sy­nyň Oliý Maj­li­si­niň Se­na­ty­nyň (wi­deo­ýüz­len­me), Gyr­gyz Res­pub­lika­sy­nyň Žogorku Keneşiniň, Marokko Pa­ty­şa­ly­gy­nyň We­kil­ler Pa­la­ta­sy­nyň, Ka­tar döw­le­ti­niň Şu­ra Ge­ňe­şi­niň, Russi­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­nagy­nyň Döw­let Duma­sy­nyň, Ga­za­gystan Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­men­ti­niň, Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­gi­niň par­la­mentler bi­len iş­le­mek we da­şa­ry gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça ýol­baş­çy­la­ry­nyň wi­deoa­ragat­na­şyk ar­ka­ly çy­kyş­la­ry hem­-de wideoýüzlen­me­le­ri diň­le­nil­di. 

Du­şu­şy­gyň­ ahy­ryn­da­ Jem­leý­ji res­mi­na­ma ­ka­bul­ edil­di. ­Bu resminama­da­ Bi­ta­rap­ly­gyň­ dost­la­ry­ to­pa­ryna­ ag­za­ ýurt­la­ryň­ parlamentle­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ­bi­rin­ji­ du­şu­şy­gy­nyň par­la­ment­ hyzmat­daş­ly­gy­ny­ iler­letmek­de­ mö­hüm­ or­ny­ bel­le­nil­di,­ şeýle­ hem­ Garaşsyz,­ he­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň­ pa­ra­hat­çy­ly­gy­ we dia­lo­gy­ ber­kit­mek­ işi­ne­ ta­gal­la­la­ry we ­go­şan­dy­ aý­ra­tyn­ nyg­tal­dy. 

 

Ene­jan ATAÝEWA, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra

ara­gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy