Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» ady bilen maslahat geçirildi. Ony welaýat häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.
Welaýat häkimliginiň, edara kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Welaýat häkimi Röwşen Hojagulyýew çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şanly ýylda ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyndaky wakalara ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinden we Gahryman Arkadagymyzyň şol mejlisdäki maksatnamalaýyn çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň meseleleri barada durup geçdi. Häkimiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçen taryhy mejlisde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň üstünde durlup geçildi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly üçin kabul edilen Maksatnamada öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada gürrüň edildi.
Welaýat häkimi «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» Ahal welaýatynyň senagat, oba hojalyk pudaklaryny, medeni-durmuş, hyzmatlar ulgamlaryny hem-de ykdysadyýetiň beýleki ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen wezipeleriň hem öz beýanyny tapýandygyny belläp, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatdaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.
Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň we beýleki ildeşlerimiziň çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, il-günümiziň bähbidine gönükdirilen ösüş-özgertmeler, giň möçberli gurluşyk taslamalary barada aýdylyp, hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, kanunçylyk üpjünçiligine degişli wezipeleriň hem öz beýanyny tapmagy buýsançly ýagdaýdygyny aýratyn belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine mynasyp goşant goşup, öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdylar.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Ahal welaýat komitetiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.