The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

06.03.2024

TÄZE MENZILLERE BADALGA

Änew şä­he­rindä­ki Me­deni­ýet öýün­de «Türk­me­nis­ta­nyň ­Pre­zi­den­ti Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ösüş mak­sat­na­ma­lary­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lary­nyň ähmiýeti» ady bi­len mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ony we­la­ýat hä­kim­li­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­le­lik­de gu­ra­dy. 

We­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, eda­ra kär­ha­na­la­ryň, gu­ra­ma­la­ryň ýolbaşçyla­ry­dyr iş­gär­le­ri­niň, we­la­ýat halk mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň, di­li se­na­ly ýa­şu­lu­la­ryň, mäh­rem ene­le­riň gat­naş­ma­gyn­da bo­lan maslahat­da çy­kyşlara giň orun beril­di. We­la­ýat hä­ki­mi Röw­şen Hojaguly­ýew çy­ky­şyn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şan­ly ýyl­da ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik syýa­sy dur­mu­şyn­da­ky wa­ka­la­ra ün­si çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň nobat­da­ky mej­li­sin­den we Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň şol mej­lis­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýetir­me­giň me­se­le­le­ri ba­ra­da du­rup geç­di. Häki­miň bel­leý­şi ýa­ly, Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lyk­ly­gyn­da ge­çen ta­ry­hy mejlis­de «Türk­me­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Maksat­na­ma­syn­y» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek boýunça gaý­ra­go­ýul­masyz we­zi­pe­le­riň üs­tün­de dur­lup ge­çil­di, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly üçin ka­bul edi­len Maksatnama­da öň­de goý­lan we­zi­pe­ler­den we mak­satlar­dan ge­lip çyk­ýan aý­ra­tyn­lyk­lar ba­ra­da gür­rüň edil­di. 

We­la­ýat hä­ki­mi «Türk­me­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­syn­da» Ahal welaýatynyň se­na­gat, oba ho­ja­lyk pu­dakla­ry­ny, me­de­ni-dur­muş, hyzmat­lar ul­gam­la­ry­ny hem-de yk­dy­sa­dy­ýetiň beý­le­ki ugur­la­ry­ny ösdür­mä­ge gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­riň hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýurdu­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­landyr­mak ba­bat­da­ky taý­syz tagal­lala­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Arkadagymy­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy. 

Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, we­la­ýat halk maslahaty­nyň ag­za­la­ry­nyň we beý­le­ki il­deşle­ri­mi­ziň çy­kyş­la­ryn­da tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de ýur­du­myz­da ýaý­baňlan­dy­ry­lan, il-gü­nü­mi­ziň bähbidi­ne gö­nük­di­ri­len ösüş-öz­gert­me­ler, giň möç­ber­li gur­lu­şyk taslamala­ry­ ba­ra­da aý­dy­lyp, hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň tas­syk­lan «Türkme­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­syn­da» yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, dur­muş, önümçi­lik we beý­le­ki we­zi­pe­ler bi­len bir ha­tar­da, ka­nun­çy­lyk üpjünçiligi­ne de­giş­li we­zi­pe­le­riň hem öz be­ýa­nyny tap­ma­gy buý­sanç­ly ýag­daý­dy­gyny aý­ra­tyn bel­läp geç­di­ler. 

Mas­la­ha­ta gat­na­şan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri­ne my­na­syp go­şant go­şup, öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nda yh­las­ly zäh­met çek­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy­lar. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.