The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.03.2024

YNSAN KALBYNYŇ RUHY ÇYRAGY

Şeýdaýy, Şabende, Gaýyby, Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magrupy, Mollanepes we ýene-de ençeme şahyrlar türkmen ruhunyň täji bolup durýar. Türkmen edebiýatynyň düýp özeni, ony äleme tanadan Magtymguly atamyz bolsa dünýä halklarynyň ruhy hazynasy. Hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» diýip belleýär. 

Ynsan kalbynyň ruhy lukmany, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ýaşan jemgyýetine syýasy, medeni we edebi ugurlardan ýolgörkeziji bolupdyr. Biz ony akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndan aýdyň görüp bilýäris. Magtymguly Pyragy Hoja Ahmet Ýasawy ýaly köňle ýakyn adamlary özüne halypa hasaplapdyr. Nusgawy şahyrlaryň, akyldarlaryň eserlerini içgin öwrenipdir: 

Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany, 

Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany, 

Jelaleddin Rumy, Jamy elnamy, 

Alarnyň ýanynda men hem san bolsam. 

1724 — 1807-nji ýyllar aralygyn da ýaşan beýik şahyr entek garaşsyz, bitewi bir döwleti bolmadyk, tire-taýpa bolup ýaşaýan türkmen halkyny bir döwlet bolmaga, agzybirlige, milli bitewülige çagyrypdyr. Magtymgulynyň goşgularyndaky ruhy düşünje ähli adamzadyň durmuşyna we ruhy dünýäsine täsir edip biljek güýje eýedir. 

Magtymguly Pyragy berkarar döwletli bolmagy arzuwlap, ýurtlary, ülkeleri aşyp, ençeme halklaryň, milletleriň durmuşy bilen tanşypdyr. Ol bolan syýahatlarynda dana, pähimdar, parasatly kişiler bilen görşüp, pikir alşypdyr. Şol ýerler barada, şeýle-de berkarar döwlet gurmagyň ugrunda öz halkyna ruhy goldaw boljak eserleri döredipdir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli ildeşlerimiziň beýik akyldar şahyrymyza bolan sarpasynyň näderejede beýikdiginden nyşandyr. 

Bu günki gün akyldar atamyzyň arzuwlap gelen zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Şeýle ajaýyp zamanada türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň giňden öwrenilmegi bolsa her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. 

 

Sahyberdi JAFAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk komitetiniň agzasy.