​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.03.2024

DAÝHANDAN HEREKET — ÝERDEN BEREKET

 

«Pä­him­-paý­has ­um­ma­ny­ Mag­tymgu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň­ 9­-njy fewra­lynda ­hormat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz ­Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň baştu­tan­ly­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­leýin ­mej­li­si­ ge­çi­ril­di.­ On­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pudaklarynda 2023-­nji­ ýyl­da­ alnyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri ­jem­le­nil­di.­

Mejlisde­ bellenilişi­ ýaly, ­top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň dur­mu­şa geçirilmegi­ ne­ti­je­sin­de, ­je­mi­ içer­ki önü­miň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edi­lip, ol ­6,3­ gö­te­rim ­art­dy. ­Bu­ gör­ke­zi­ji ­oba ho­ja­ly­gyn­da­ 4,4­ gö­te­ri­me­ deň­ boldy.­ 2023­-nji­ ýyl­da­ ma­li­ýe­leş­dir­me­giň ­ähli­ çeş­me­le­ri­niň ­ha­sa­by­na özleş­di­ri­len düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň me­ýil­na­ma­sy do­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, 2022-­nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 7,5 gö­te­rim art­dy. Şeýle hem «Türkme­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy ­2022­-2028-­nji­ ýyl­lar­da durmuş­-yk­dy­sa­dy ­taý­dan ­ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» ýe­ri­ne ýetirili­şi ba­ra­da aý­dyl­dy. Mej­li­siň do­wa­mynda «Türk­me­nis­ta­ny 2024-­nji ýyl­da dur­muş­-yk­dy­sa­dy ­taý­dan­ ös­dür­me­giň we ­ma­ýa­ go­ýum­ Maksatnama­sy­nyň»­ tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Res­mi­na­ma­da şu ýyl­da ýe­til­me­li mak­royk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler, ykdysady­ýe­tiň ­äh­li ­pu­dak­la­ry ­bo­ýunça önümçilik meýilnamalary beýan edil­di.­

 Tä­ze ­ta­ry­hy ­dö­wür­de ­ýur­du­myz­da oba ­ho­ja­lyk ­ekin­le­ri­niň­ hasyllyly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ­we ­ola­ryň ­to­hum­çylyk­ işi­ni­ yl­my ­esas­da ul­gam­la­ýyn ­alyp bar­mak­ bo­ýun­ça ­iş­le­ri­ has­-da­ kä­milleş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň bin­ýa­dyn­da mi­nistr­li­giň Yl­my­-bar­lag dä­ne­çi­lik, Yl­my-­bar­lag eke­ran­çy­lyk, Yl­my-­bar­lag pag­ta­çylyk­ institutlary­ dö­re­dil­di. ­Oba ­se­na­gat top­lu­myn­da ­ge­çi­ril­ýän­ düýp­li­ özgertme­ler ­te­bi­gy­ baý­lyk­la­ry­ ne­ti­je­li­ peýda­lan­ma­ga,­ýer­den­ bol ­ha­syl­ al­ma­ga,­ ýur­du­myz­da­ azyk ­bol­çu­ly­gy­ny­ dö­retmä­ge,­ şeý­le­ hem­ oba­ zähmet­keş­le­riniň­ dur­muş­ hal­ ýag­daý­la­ry­ny­ has­-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gönük­di­ri­len­dir. Oba­ ho­ja­lyk ­pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gertme­leriň ne­ti­je­sin­de türk­men top­ra­gyn­da ýo­ka­ry ­hil­li­ önümler ön­dü­ril­ýär, ekilýän oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň gör­nüşleri artdyrylýar we ýur­du­myz­da azyk bolçu­ly­gy­ dö­re­dil­ýär.­ Wa­ta­ny­my­zyň ba­badaý­han­la­ry­nyň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi, top­rak­dan bol ha­syl ön­dü­rip, ha­lal ba­ýa­ma­gy üçin äh­li şert­ler­ dö­re­dil­ýär. ­Ekin­ meý­dan­la­ry­ny iş­läp be­jer­mek­de, ýe­tiş­di­ri­len hasyly çalt we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­da daýha­nyň da­ýan­jy bo­lan kä­mil, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Daý­han­lar top­ra­gyň be­re­ke­di­ni art­dyr­ýan mi­neral dö­kün­ler, to­hum­lar we ekin­le­riň zy­ýan­keş­le­ri­ne gar­şy ula­nyl­ýan hi­miki se­riş­de­ler bi­len do­ly üpjün edil­ýär. Kä­ren­de­çi­ler bi­len tab­şy­ry­lan önümler üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär. 

Ýur­du­my­zyň ag­ro­se­na­gat toplu­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň kämil­leş­di­ril­me­gi, oba ho­ja­lyk önümçiligini alyp barmakda ýeterlik hukuk gi­ňiş­li­gi­ni dö­red­ýär. Şeý­le hem­ daý­han­la­ra iş­le­mä­ge, top­rakdan ýy­lyň ­ýy­ly­na be­re­ket­li ha­syl ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy­ 2022­-2028-­nji­ ýyl­lar­da dur­muş­-yk­dy­sa­dy ­taý­dan­ ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» bel­le­nen wezipe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, ýur­du­myz­da bug­da­ýyň we gowa­ça­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, daý­han­la­ryň ­ýe­re­ bo­lan yhlasyny­ artdy­ryp,­ halal­ zäh­met ­çek­mek­le­ri­ üçin,­ oba ho­ja­lyk önümlerini ön­dü­ri­ji­le­ri ykdysady taýdan höweslendirmek mak­sa­dy­ bilen,­ 2024-­nji­ ýy­lyň­ ha­sylyn­dan­ baş­lap,­ döw­let­ sa­tyn­ alyş­ baha­sy­ ýokar­lan­dy­ryl­dy.­­ Bug­da­ýyň bir ton­na­sy­nyň döw­let sa­tyn alyş ba­ha­sy 2000 ma­nat möç­ber­de, nah pag­ta­nyň bir ton­na­sy üçin döw­let sa­tyn alyş ba­ha­la­ry ýy­gy­myň baş­lan­ýan gü­nünden 15­-nji okt­ýab­ra çen­li 5000 manat, 15­-nji okt­ýabr­dan 15­-nji no­ýab­ra çen­li 4770 ma­nat, 15-­nji noýabrdan ýy­gymyň ta­mam­lan­ýan gü­nü­ne çen­li­ 4­550 ma­nat möç­ber­de, ýü­pek pag­ta­nyň bir ton­na­sy üçin döw­let sa­tyn alyş ba­hala­ry ýy­gy­myň baş­lan­ýan gü­nün­den 15-­nji okt­ýab­ra çen­li 6700 ma­nat, 15-­nji oktýabrdan 15-­nji no­ýab­ra çen­li 6400 ma­nat, 15-­nji no­ýabr­dan ýy­gy­myň tamam­lan­ýan gü­nü­ne çen­li 6100 ma­nat möç­ber­de bel­le­nil­di. 

Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­jile­re yk­dy­sa­dy ýe­ňil­lik­le­riň döredilme­gi, öň­de­ba­ry­jy kä­ren­de­çi­le­riň we ýer eýe­le­ri­niň zäh­me­ti­ne ýoka­ry ba­ha be­ril­me­gi ýur­du­myz­da daý­han zäh­me­ti­ne be­lent sar­pa goýul­ýan­dygy­nyň ny­şa­ny­dyr. Ha­lal ba­ýa­ma­ga, zäh­me­ti­niň hö­zi­ri­ni görüp, bag­ty­ýar, aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­ga dö­re­dilýän şert­ler üçin ýurdu­my­zyň ba­ba­daýhan­la­ry­nyň hor­matly Pre­zidentimi­ze hem­-de Gahry­man Arkadagy­my­za al­kyş­la­ry çäk­siz­dir. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pä­him paý­ha­sa ýug­ru­lan gym­mat­ly mas­la­hatla­ryn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri öz wag­tyn­da ­dur­mu­şa geçirmek­de ­Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry hem gu­jur­-gaýratyny gaý­gyr­man, yh­las­ly zäh­met çe­kip, ýur­du­my­zyň be­dew batly ösüş­le­ri­ne­ my­na­syp­ go­şant ­go­şýarlar. Bi­zi röw­şen gel­je­ge alyp bar­ýan Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň hem­-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň jan­la­ry ­sag,­ömür­le­ri­ uzak­ bol­sun! 

 

Serdar GAÝYPOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we

 agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.