Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji oba hojalygynda 4,4 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Mejlisiň dowamynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda ministrligiň Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary döredildi. Oba senagat toplumynda geçirilýän düýpli özgertmeler tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga,ýerden bol hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleriň netijesinde türkmen topragynda ýokary hilli önümler öndürilýär, ekilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşleri artdyrylýar we ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär. Watanymyzyň babadaýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal baýamagy üçin ähli şertler döredilýär. Ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Kärendeçiler bilen tabşyrylan önümler üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, oba hojalyk önümçiligini alyp barmakda ýeterlik hukuk giňişligini döredýär. Şeýle hem daýhanlara işlemäge, toprakdan ýylyň ýylyna bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan yhlasyny artdyryp, halal zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, döwlet satyn alyş bahasy ýokarlandyryldy. Bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2000 manat möçberde, nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5000 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4550 manat möçberde, ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6100 manat möçberde bellenildi.
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň döredilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň zähmetine ýokary baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Halal baýamaga, zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamaga döredilýän şertler üçin ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasa ýugrulan gymmatly maslahatlaryndan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem gujur-gaýratyny gaýgyrman, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Bizi röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak bolsun!
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we
agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.