The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýurdumyzdageçirilýän nahallary köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralaraagzybir halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen goşulyşýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň —
diýip wasp edişi ýaly, ata Watanymyz gül-gülüstanlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär.
Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredilip, amatly howa gurşawy emele getirildi. Bu işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Gurulýan we durky täzelenýän demir hem-de awtoulag ýollaryny, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek, ol ýerleri tokaýlaşdyrmak işleri-de utgaşykly alnyp barylýar. Döredilýän ýaş tokaýlyklar diňe bir gözlere röwşenlik, janyňa rahatlyk bermek bilen çäklenmän, bu ýerlerde biodürlüligiň baýlaşmagyna, ýabany ösümlikleriň, haýwanlaryň we guşlaryň sanynyň artmagyna, ýaşaýyş gurşawynyň gowulanmagyna-da ýardam edýär. El bilen döredilen tokaýlar topragyň sil suwlary bilen ýuwulmagynyň öňüni alyp, toprakdaky suwy, yzgary gowy saklaýar we onda peýdaly mikroorganizmleriň köpelmegine şert döreýär.
Tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaýlary dikeltmek, olary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak, biologik dürlüligi gorap saklamak, ekologik taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barmak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ekologiýa syýasatynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Ekilýän miweli baglar, ir-iýmişler we üzüm agaçlary howany arassalamak bilen bir hatarda, bazarlary ilatyň isleg bildirýän dürli ir-iýmişlerinden doldurmaga, daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk önümleriniň ýerini ekologik taýdan arassa, özümizde öndürilýän önümler bilen çalyşmaga we eksport mümkinçiligimizi ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Tebigatda tokaý agaçlarynyň we beýleki ösümlikleriň ähmiýeti örän uludyr. Ösümlik dünýäsi tebigatyň deňagramlylygyny saklaýar. Ýaşaýşyň gözbaşy bolup çykyş edýär. Sebäbi ösümlik dünýäsinde fotosintez hadysasy bolup geçýär, ýagny ýagtylygyň täsiri netijesinde, howadan kömürturşy gazy sorulyp, kislorod bölünip çykýar. Şol sebäpli hem tokaýlara Ýer togalagynyň «ýaşyl öýkeni» hem diýilýär. Alymlaryň bellemegine görä, ortaça bir agaç günüň dowamynda 2 kilogram kislorody bölüp çykarýar. Bu bir adamyň üç günki dem alýan kislorodynyň mukdaryna barabardyr ýa-da günüň dowamynda bir gektar tokaý agaçlary 220 — 280 kilograma golaý kömürturşy gazyny sorup, 180 — 200 kilogram aralykda kislorod bölüp çykarýar diýmekdir. 1 gektar tokaý agaçlary 100 tonna çenli tozany özüne siňdirýär. Awtomobil ýollarynyň ugrunda ekilen baglar 11 desibele çenli awtoulaglaryň sesini peseltmäge mümkinçilik döredýär.
«Türkmenistanyň 2013 — 2020-nji ýyllary üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, oturdylan ýaş baglar bu gün uly tokaý agaçlaryna öwrülip, tebigata gözellik çaýýar. «Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu asylly işiň mynasyp dowamyna öwrüldi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäheriniň golaýynda guralan «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy açyk asmanyň astyndaky uly möçberli ekologik çäre hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 500-den gowrak hünärmeni bir ýere jemlän dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň üzümiň, hususan-da, onuň «gara kişmiş» görnüşiniň 500-den gowrak düýbüni oturtmagy bu ugurda döwlet derejesindäki aladanyň ähmiýetiniň juda uludygynyň güwäsidir.
Tokaýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlarynyň, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan, Çölleşmä garşy göreşmek, Biologik dürlülik bilen bagly halkara hukuk resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryň berjaý edilmegine we Howanyň üýtgemegi barada ýurdumyzyň Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berýär.
Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlarynyň esasy ugurlarynyň biri hem dünýä ýüzüniň, şol sanda sebitiň ekoulgamyny durnukly ýagdaýda saklamak hem-de daşky gurşawa antropagen täsirleri aradan aýyrmakdyr. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň 17 görkezijisiniň 15-nji maksadynda: «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüliginiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenen. Şu maksadyň 2-nji böleginde bütin dünýäde tokaýlaryň ähli görnüşiniň rejeli peýdalanmagynyň usullarynyň girizilmegine ýardam bermek, tokaýlaryň selçeňleşmegini togtatmak we dikeltmek, bag ekilen meýdanlaryň çäklerini ep-esli giňeltmek babatda anyk wezipeler göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk derejesinde, ýurdumyzyň çar künjeginde bag ekmek dabaralarynyň köpçülikleýin geçirilmegi Durnukly ösüşiň maksatlarynyň üstünlikli amal edilmegine hem mynasyp goşantdyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip anyk kesgitlenýär. Şu düzgünlere laýyklykda, ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökman ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ädim boldy.
Ynha, ýaz paslynyň arzyly möwsümi gelip ýetdi. Ählihalk bag ekmek dabarasy ata-babalarymyzdan galan asylly däbimize uýmak, ony netijeli dowam etdirmek hem ynsanda tebigata çäksiz söýgini döretmek ýaly häsiýetleri özünde jemleýär.
Azat SEÝDIBAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.