The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda eşretli durmuşyň hözirini görýän bagtyýar halkymyz ýene-de bir baýramy–Milli bahar baýramyny–Halkara Nowruz gününi giň gerimli, aýdym-sazly, dabaraly çärelere besleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy–Halkara Nowruz güni bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, tutumly maksatlaryny barha rowaçlandyrýar, bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere göterýär» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Bu dürdäne sözleriň ösüşlere beslenýän zamanamyzda ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna her birimiz şaýat bolýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Milli bahar baýramynyň dabaraly çäreleri bir-birine ulaşyp, olar abadan, bagtyýar durmuşymyzyň güwäsine öwrülýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu nurana baýramyň dünýä halklaryny birek-birege ýakynlaşdyrmakda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr. Halk baýramçylygy hökmünde öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýan Nowruzyň baýram edilýän günleri gije bilen gündiz deňleşip, ol ekerançylyk baýramçylygy hem hasaplanýar. Sebäbi asyrlar boýy bu baýramçylyk geçirilenden soňra ýaz ekişine başlamak däp bolup galypdyr.
«Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, Magtymguly atamyz taraşlapdyr. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi dünýä derejesindäki dabaraly çäreler bilen belleniljek Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň şu setirlerinden görnüşi ýaly, Nowruzda tebigata jan girýär, adamlaryň kalplarynda-da ruhubelentlik, şatlyk duýgulary artýar. Milli däp-dessurlarymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleriniň şeýle baýramlarda dilleriň senasyna öwrülýändigini aýtmak bolsa aýratyn ýakymlydyr.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni