The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Eziz Diýarymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalar bilen utgaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleri ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň we abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Diýmek, sport hem-de ekologiýa bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň saglygyny, ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny, geljekki nesilleriň mynasyp ýaşaýşyny nazarlaýan tagallalar ýurdumyzda giň gerimli we köpugurly häsiýete eýedir. Bu babatda amala aşyrylýan işler dowamlylygy bilen tapawutlanýar. Sport bilen ekologiýanyň arabaglanyşygy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu iki düşünjäniň hem adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Daşky gurşawyň abadançylygyna uly ähmiýet berilýän ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäreleri we welosipedli ýörişler sagdyn durmuş ýörelgesi bilen ekologiýanyň sazlaşygynyň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi hem gözel tebigatymyzy goramak ugrundaky aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şol çärelere ildeşlerimiziň müňlerçesiniň işjeň gatnaşmagy bolsa bu asylly başlangyjyň halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny tassyklaýar.
Ekologiýa abadançylygy ýurdumyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän medeni we durmuş maksatly desgalara, şol sanda işewürlik düzümlere bildirilýän möhüm talap bolup durýar. Häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň önümçilik toplumlarynyň we söwda maksatly binalarynyň daş-töwereginde ýaşyl zolaklar üpjün edilýär. Ýazyň ajaýyp günlerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp, ulanylmaga berlen desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, agaçlaryň ekilmegi hem aýdylanlary doly tassyklaýar.
Ýurdumyzda ynsan saglygynyň esasy şertleriniň biri bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawyň abadançylygy bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Sanitariýa kodeksi, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» we beýleki hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.
Watanymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, adamlaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşynyň güwäsidir.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty