Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda belent maksatlara gönükdirilen has uly wezipeler goýulýar. Il-ýurt bähbitli işleriň amala aşyrylmagynda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda iş alyp barýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty uly orna eýedir.
Halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler Ýer ýüzüne nusgalykdyr. Şeýle üstünlikler Garaşsyz Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýolunda geçen menzillerinde amala aşyrylan beýik işleriň miwesidir.
Şu ýylyň 18-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Onuň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, ählihalk forumynyň geçiriljek senesiniň kesgitlenilmegi hem-de düzüminiň tassyklanylmagy ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan esasy ugurlara ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlara bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösüşini ilerletmek, oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri işjeň häsiýetde alyp barmak, halkara giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky hasabatlary seljermek, aýdyň ösüşleri ýola goýjak täze teklipleri hödürlemek derwaýys işleriň hatarynda kesgitlenildi.
«Geňeşli salamat bolar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ýörelgelere eýerýän halkymyzda her bir işde pähim-paýhasyň gönezligi bolan ýaşululara geňeşilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi bilen bagly Karara gol çekmegi hem milli ýörelgelerimiziň dabaralanmasyna öwrüldi. Bu çözgüt, ilkinji nobatda, jemgyýetimizde ýaşululara aýratyn hormat goýulýandygynyň, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen çözmekde olaryň baý durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz aladalary edýän, Watanymyzyň ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.