The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.09.2023

BEÝIK MAKSATLARYŇ ÝOLUNDA

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li ykdysady­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler üstünlikli ama­la aşy­ry­lyp, ýur­du­myz äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ösü­şiň tä­ze be­lentlik­le­ri­ne çyk­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda Wa­ta­ny­my­zyň pa­jar­lap ös­me­gi, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da be­lent mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len has uly we­zi­pe­ler go­ýul­ýar. Il-ýurt bäh­bit­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da ata-ba­ba­lary­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da iş alyp bar­ýan Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty uly or­na eýe­dir. 

Hal­ky­my­zyň Mil­li Li­de­ri, Türk­menis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baştutanly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni taý­dan kuwwat­lanma­gy, hal­ky­my­zyň eş­ret­li, asu­da, aba­dan dur­muş­da ýaşamagy ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler Ýer ýü­zü­ne nusga­lyk­dyr. Şeý­le üs­tün­lik­ler Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň öz­baş­dak ösüş ýo­lun­da ge­çen menzil­le­rin­de ama­la aşy­ry­lan be­ýik iş­le­riň mi­we­si­dir. 

Şu ýy­lyň 18-nji iýu­lyn­da türkmen hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si­niň ge­çi­ril­megi ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Onuň do­wa­myn­da Wa­ta­nymy­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­lyk baý­ra­my­na hem-de Türk­me­nis­tanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taýýar­lyk gör­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp maslahatlaşyldy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni çagyrmak we ýo­ka­ry de­reje­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­di­lip, äh­li­halk fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­jek se­ne­si­niň kes­git­le­nil­me­gi hem-de dü­zü­mi­niň tas­syk­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik durmu­şy­nyň has-da iş­jeň­leş­me­gi­ni şert­len­dir­di. 

Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­tanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taýýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly iş­le­riň çäk­le­rin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pudakla­ry­nyň yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe gör­ke­ziji­le­ri­niň iç­gin seljerilmelidigi­ni bel­läp, bu ba­bat­da aý­ra­tyn mö­hüm ha­saplan­ýan esa­sy ugur­la­ra ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýaş­la­ra bi­lim ber­me­giň, hünär­men­le­ri taý­ýar­la­magyň tä­ze usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, sag­ly­gy gora­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­nyň ösü­şi­ni iler­let­mek, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da­ky öz­gert­me­le­ri iş­jeň hä­si­ýet­de alyp bar­mak, hal­ka­ra giňişligin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lygy gi­ňelt­mek ba­ra­da­ky ha­sa­bat­la­ry seljer­mek, aý­dyň ösüş­le­ri ýo­la goý­jak tä­ze tek­lip­le­ri hö­dür­le­mek derwaýys iş­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. 

«Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar», «Mas­lahat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz» di­ýen ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän hal­ky­myz­da her bir iş­de pä­him-paý­ha­syň gönez­li­gi bolan ýa­şu­lu­la­ra ge­ňe­şi­lip­dir. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular ge­ňeşi­niň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­ly Ka­ra­ra gol çek­me­gi hem mil­li ýö­rel­ge­le­rimi­ziň dabaralanma­sy­na öw­rül­di. Bu çöz­güt, il­kin­ji no­bat­da, jem­gy­ýeti­miz­de ýa­şu­lu­la­ra aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­nyň, hal­kyň je­bis­li­gi­ni pugtalan­dyr­mak­da hem-de döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri pa­ra­sat­ly­lyk bilen çöz­mek­de ola­ryň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyl­ýan­dy­gy­nyň aýdyň ny­şa­ny­dyr.

Hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ýa­daw­syz ala­da­la­ry ed­ýän, Wa­ta­ny­my­zyň ös­me­gi ugrun­da be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç bol­sun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.