The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu günki günde durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir.Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda halka hyzmat etmegiň möhüm guraly bolan kanunçylygyň ösdürilmegi, barha kämilleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.
Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlar, beýik işler halkyň abadan durmuşyna gönükdirilýär. Hut şonuň üçin hem halkyň hal-ýagdaýy has-da gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar. Munuň özi häzirki döwürde halk bähbitli işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Çünki adamlaryň ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti, bagtyýar geljegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, durmuşa geçirilýän işlerde halkyň bähbidini nazarlamak we röwşen geljegi üpjün etmek baş wezipedir. Şu nukdaýnazardan hem jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we berk kanunçylyk binýadyny döretmek esasy ugurlaryň biridir.
Ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak, maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ösüşi maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şol nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ösüşiň möhüm ugurlary kesgitlenendir.
Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň ösüşi, döwrebap şertleriň döredilmegi nazarlanýar. Şeýle hem sanly ulgamy mundan beýläk hem ösdürmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeler kesgitlenendir.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we kömek pullarynyň yzygiderli köpeldilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň hem-de ynsanperwer, durmuş goraglylyk ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylýandygyna, maksatlaýyn işleriň alnyp barylýandygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan üstünliklerden hem aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle beýik işleriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde üstünlikli alnyp barylýandygyny görmek has-da ýakymlydyr. Ynha, her ýylda 1million tonna semen öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň aýdyň netijesidir. Şeýle ägirt uly desgalar diňe bir ykdysadyýetiň ösüşini däl-de, eýsem, binagärlik-gurluşyk ulgamlarynyň ösüşini hem üpjün edýär. Bu beýan edilenler ýurduň kuwwatly ykdysadyýetini, ähli sebitlerimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde beýik işleriň sazlaşykly ýola goýulýandygyny, döwrebap mümkinçilikleriň ösdürilýändigini görýäris. Şu nukdaýnazardan durmuşa geçirilýän maksatlaýyn işler özüniň oňyn netijesini berýär, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň täze belentliklere tarap ugur alýandygyny, ägirt uly özgertmeleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.
Türkmenistan häzirki wagtda umumadamzat ýaşaýşynyň esasy ugurlarynda, ýagny syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ugurlarda milli we ählumumy bähbitleri goraýan netijeli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz ösýär, özgerýär, aýdyň maksatlar bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyz eşretli durmuşda abadançylygyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.